Diňle: Itlere edilýän zuluma garşy çykýan aşgabatlylar prezidente ýüzlendiler

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabadyň ýaşaýjylary öýsüz haýwanlaryň rehimsiz tutulmagyny we ýok edilmegini bes etmek üçin köpçülik bolup, ýurduň häkimiýetlerine ýüz tutdular. Arza prezident Serdar Berdimuhamedowa, Aşgabadyň häkimligine, Arhitektura we Gurluşyk ministrliginiň jemagat hyzmatlary bölümine, şeýle hem Döwlet weterinariýa gullugyna iberildi. Raýatlaryň ýüzlenmesiniň tekstini “Turkmen.news” garaşsyz onlaýn neşiri çap etdi.