Diňle: Türkiýede bikanun migrantlara garşy göreş: Iki türkmen raýaty saklandy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkiýe bikanun migrantlara garşy güýçlendirilen göreşini dowam etdirýär. Türk polisiýasynyň soňky bir aýdan gowrak wagt bäri geçirýän giň gerimli reýdlerinde müňlerçe adam saklanyp, deportasiýa merkezlerine ýerleşdirildi we olaryň ýüzlerçesi deport edildi. Saklananlaryň arasynda Türkmenistanyň azyndan iki raýaty hem bar. Bu aralykda, türkmenleriň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýäniň deportasiýa merkezinde bolan türkmen migranty bu ýerdäki ýaramaz şertler barada habar berýär.