Gyrgyzystanda döwlet dili hakyndaky kanunyň kabul edilmegi bilen nämeler üýtgeýär hem muňa Russiýa näme üçin aladaly garaýar?

Gyrgyz dilinden okuw kitaplary

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow döwlet işgärleriniň döwlet dilinde gürlemegini borçly edýän konstitusion kanuna gol çekdi. Kanun parlamentde kabul edilende, oňa taryhy ähmiýet berildi. Ýöne kanunyň güýje girmegine Kreml derrew reaksiýa bildirdi. Kanun gyrgyz dilini özgerdip bilermi? Resmi dil statusyna eýe bolan rus diliniň ulanylyşy nädip düzgünleşdiriler?

Täze kanun

Döwlet dili hakyndaky ilkinji kanun 1989-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda kabul edildi. Gyrgyzystan Garaşsyzlyk alanyndan soň, gyrgyz dili döwlet dili bolup, rus diline resmi dil diýildi. Soňra kanun birnäçe gezek üýtgedildi. Indi döwlet dili hakyndaky kanun konstitusiýanyň statusyny aldy.

Döwlet dili we dil syýasaty baradaky döwlet komissiýasynyň başlygy Kanybek Osmonaliýew Azatlygyň Gyrgyz gullugyna beren interwýusynda, kanunyň Gyrgyzystanyň Konstitusiýasynyň 13-nji maddasyny durmuşa geçirmek maksady bilen taýýarlanandygyny we ony ulanmak çäresini kadalaşdyrmaga gönükdirilendigini belledi:

«Gynansak-da, 34 ýylyň dowamynda kanun doly işlemedi. Munuň üçin biz günäkär. Täze kanunda biz "ýa-da" diýen baglaýjyny aýyrdyk. Öňki kanunda "resminamalar döwlet ýa-da resmi dilde düzülýär" diýip ýazylypdy. "Ýa-da" diýen sözüň utgaşdyrylmagy sebäpli dokumentler we iş kagyzlary 34 ýyl bäri rus dilinde ýazylyp gelindi. Biz ony aýyrdyk we "döwlet we ýerli gullukçylar döwlet dilini bilmäge borçludyrlar" diýip, takyk ýazdyk. Esasy zat şol! Täze kanunda "resmi ýazgylar we resminamalar döwlet dilinde düzülmeli we döwlet dilinde alnyp barylmaly. Gerek bolsa, döwlet diline we beýleki dillere terjime edilýär” diýlip ýazyldy. Resmi işgärler ýokary wezipede diňe “Gyrgyztestden” B2-den ýokary dereje alsalar işläp bilerler. Çynlakaý bäsleşik bolar; kim döwlet dilinde gowy gürläp, dogry ýazmagy başarsa, şol uly baha alar» diýip, K. Osmonaliýew aýtdy.

Indi «ýa-da» bolmaz

Hünärmenler we alymlar öňden bäri döwlet diliniň örän haýal ösýändigini, hususan-da, onuň köpmilletli ilaty bolan paýtagt Bişkekde haýaldygyny belleýärdiler.

Bişek şäher häkimliginiň ösüş we döwlet dilini kämilleşdirmek bölüminiň başlygy Elwira Nyýazbekowa bu kanuna köp garaşylandygyny belläp, gündelik durmuşda gyrgyz dilini ulanmak mehanizminiň häzire çenli anyk kesgitlenmändigini aýtdy:

«Bu biziň halkymyz üçin uly buýsanç hem şatlykdyr. Biz muňa garaşýardyk, sebäbi öňki kanunda kemçilikler bardy. Meselem, köp ýerlerde “döwlet ýa-da resmi dil” diýlip görkezýärdi. Bu kanunyň köp ýerlerden ol söz aýrylýar. Indi döwlet dilini ösdürmek üçin, gowy şertler döredildi we biz ony kämilleşdirmäge çalşarys. Mundan başga, reklama babatda-da hoş habar bar. Indi kanuna laýyklykda, reklama edýänler we lisenziýaçylar Döwlet dili we dil syýasaty baradaky döwlet komissiýasy bilen öz tekstini öňünden koordinirleýärler, barlaýarlar we düzedýärler, şondan soňra ýaýradýarlar. Bu düzgün has kabul ederlikli» diýip, Elwira Nyýazbekowa belleýär.

Kanuna laýyklykda döwlet edaralarynda işler gyrgyz dilinde ýöredilmeli. Köpçülikleýin resmi çäreler hem döwlet dilinde geçirilýär. Mundan başga-da, saýlawlar, referendumlar we olara taýýarlyk çäreleri, kazyýet derňewleri, ýaragly güýçleriň we kanun goraýjy edaralaryň alyp barýan işleri gyrgyz dilinde geçiriler. Halkara şertnamalary baglaşmak, kanun aktlaryny işläp düzmek, iş dokumentleri, hususy we döwlet guramalarynyň atlary, geografik atlar, söwda nyşanlary, kärhananyň atlary hem döwlet dilinde bolar.

Kanunyň 32-nji maddasyna laýyklykda, döwlet dilini bilmeli we ony resmi borçlaryny ýerine ýetirmekde ulanmaga borçlanýan işgärleriň sanawy kesgitlenilýär.

Galyberse-de, kabul edilen konstitusion kanunyň 2-nji maddasyna laýyklykda, rus dili Gyrgyzystan Respublikasynda resmi dil hökmünde ulanylmagyny dowam etdirer.

Russiýanyň reaksiýasy

Gyrgyzystan Sowet Soýuzyndan soňky dörän döwletleriň arasynda, iki dilliligi Konstitusiýada berkiden az sanly ýurtlardan biridir. Soňky iki ýylyň dowamynda, gyrgyz diliniň ähmiýetini pugtalandyrmaga gönükdirilen prosesler ýurduň öz içinde we Orsýetde birnäçe syýasy çekeleşiklere sebäp boldy.

Žogorku Keneşiň başlygy Nurlanbek Şakiýew paýtagt Bişkegin dört etrapçasynyň atlaryny parlamentde gyrgyz adyna öwürmek meselesini gozganynda, Orsýetiň Döwlet dumasynyň deputatlarynyň ýiti garşylygyna sebäp boldy.

Žogorku Keneş tarapyndan, Döwlet dili hakyndaky kanun kabul edilmeginden soň bolsa, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa bu dokumentiň döwlet dilinde geplemeýän graždanlara "käbir kynçylyklary döredip biljekdigini" belläp, düşündiriş bilen çykyş etdi. Şol ýerde-de ol Gyrgyzystan Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň "deň agramly dil syýasatyny" durmuşa geçirjekdigine umyt edýändigini aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Gyrgyzystanyň Prezidenti tarapyndan kanuna gol çekilenden soň, bu tema boýunça öz garaýşyny aýtdy. Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda habar berlişi ýaly, Sergeý Lawrow: "Biziň ýurdumyzda alnyp barylýan ýagdaý, rus dilini, medeniýetini, milli bilim-düşünjäni daşary ýurtlara ýetirmäge gönükdirilen tagallalar barada, obýektiw maglumatlary getirmek üçin tagalla gerek" diýip belledi. "Häzir ýeňil bolmadyk meseleler barýar, şol sanda GDA giňişliginde-de... kanunlary öňe sürmäge işjeň synanyşýarlar” diýdi. "Gyrgyzystanda kanun kabul edildi. Bu pikir ilkinji gezek peýda bolanda, biz gyrgyz dostlarymyza onuň bütinleý demokratik däldigini duýdurdyk. Men ähli döwlet işgärlerini gyrgyz dilini bilmäge we işlemäge borçlandyrylmagyny nazarda tutýan. Döwlet gulluk işgärleriniň toparyna mugallymlar-da,

lukmançylyk edaralarynyň işgärleri-de degişlidir. Biz mundan beýläk-de işlemegimizi dowam ederis. Olara birnäçe gezek duýdurylsa-da, başga ugur ýol aldy. Gyrgyzystanyň Konstitusiýasynda rus dili milli aragatnaşyklaryň dili bolmagynda galýar" diýip, S. Lawrow belledi.

24-nji iýulda Sadyr Žaparow döwlet habarlar agentligi «Kabar» bilen geçiren nobatdaky interwýusynda, rus diplomatynyň beýanatyna düşündiriş berdi. Ol Russiýanyň DIM-niň başlygy "kanuny okamadyk bolsa gerek" diýip belläp geçdi. «Bu kanunda "rus dilini kemsitmek zerur" diýen kada ýok. Tersine, rus diliniň resmi dil hökmünde ulanyljakdygy görkezilýär. Bu kada [Gyrgyzystanyň] Konstitusiýada hem bar» diýmek bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň prezidenti täze kanundaky borçlandyrmanyň mugallymlara we lukmanlara degişli däldigini hem ýatlatdy.

Şol bir wagtda, Sadyr Žaparow gyrgyzystanlylara rus diliniň hem gyrgyz dili ýaly zerurdygyny nygtady. «Sebäbi rus dili bolmazdan, GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek başa barmaz. Biz Hytaýa gidenimizde, arap ýurtlarynda we şol bir wagtda Ýewropa ýurtlaryna baranymyzda, rus dilinde gepleýäris. Häzirki ýagdaýda, biz öz dilimizi doly özleşdirmek isleýäris. Siz hökümet resmileriniň we deputatlaryň çykyşlaryna serediň: ýarysy rusça, ýarysy gyrgyzça. Biziň hiç birimiz rusçany-da, gyrgyzçany-da ýeterlik derejede bilmeýäris» diýip, döwlet baştutany düşündirdi.

Mundan öň, Döwlet dili we dil syýasaty baradaky döwlet komissiýasynyň başlygy Kanybek Osmonaliýew ýurduň latyn elipbiýine geçmäge taýýarlyk görýändigini aýdanynda, prezident Sadyr Žaparow oňa "seresapsyz sözlerden daşda durmagy" maslahat berdi.

Raýat jemgyýetiniň wekilleri köplenç Gyrgyzystanda gyrgyz diline az üns berilýändigini, önümçilikde, edaralarda we kärhanalarda esasan rus dilinde iş ýöredilýändigini aýdyp, ýagdaýy tankytlap geldiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.