Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi her gün ir säher bilen Berdimuhamedowlaryň şanyna öwgüli sözleri aýdyp, öz işine başlaýar, Berdimuhamedowlara jan-saglygyny diläp, iş gününi tamamlaýar diýip, bir ýerli synçy aýdýar.
Döwlet teleýaýlymlary ýurtda bolup geçýän wakalar barada gürrüň bermän, diňe gülala-güllük wagzyny alyp barýar, adamlar ýadaýar diýip, beýleki bir synçy Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aýdýar.
Türkmenistanda hereket edýän media serişdeleri, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli görnüşleri, telewideniýe, radio, gazet-žurnallar we elektron neşirler berk döwlet gözegçiligi astynda saklanýar.
Dünýä Türkmenleriniň şu sany Türkmenistanyň media giňişligindäki meýilleri öwrenmäge, meseleleri anyklamaga we çykalgalar boýunça pikir ýöretmäge çalyşýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar