Kotelniki etrapçasynyň musulmanlary juma namazynda, OMON güýçleriniň eden-etdiliginden, Putine arz edýärler. WIDEO

Wideodan alnan surat

Moskwa sebitiniň Kotelniki şäherçesiniň musulman jemagaty Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine wideo arkaly ýüzlenmesinde, juma namazy wagtynda, OMON polisiýasynyň eden-etdiliginden goramagy haýyş etdiler.

Russiýa Federasiýasynyň OMON (Ýörite maksatly mobil topar) polisiýasy Moskwanyň golaýynda ýerleşýän Kotelniki şäherçesindäki köp gatly jaýda ýerleşýän namaz okalýan ýerde, musulmanlaryň juma namazyny bozdy.

Sosial ulgamlarda ýaýradylan musulman jemagatynyň 3 minutlyk wideo habarynda, OMON polisiýa işgärleriniň juma namazyň dowamynda jaýa girendigini, namazlyklary ädikleri bilen basgylandygy, özlerini gödek alyp barandygy, namaza gelenleri – olaryň köprägi Russiýanyň graždanlary – kemsidendigini aýdýarlar.

«OMON polisiýasy juma namazyny bozdular, jaýyň içine zäherli gaz pürkdüler, şeýle hem adamlara garşy jeza çäresi üçin, elektroşoker ýaragyny ulandylar» diýip, Kotelniki musulmanlaryň biri Orsýetiň Prezidentine wideo ýüzlenmesinde aýdýar. Ýüzlenmä gatnaşyjylar Putinden bu ýagdaýa goşulmaga we berk çäre görmäge çagyryş edýärler.

Mundan öň hem juma namazy üçin, namaz okalýan jaýa gelen täjik migrantlaryna omonçy polisiýasy tarapyndan, ýowuz daraşylandygy barada, wideo ýaýrapdy. Şonda namaza gelenler polisiýa güýçlerinden, munuň sebäbini soranlarynda, omonçylar olara garşy ýangyn söndüriji köpürjikleri pürküpdiler.

Ýerli içeri işler bölümi şol hüjüm mahalynda, ýazuwsyz ýaşaýan onlarça daşary ýurtlynyň saklanandygyny, munuň migrasiýa kanunlarynyň bozulmagynyň öňüni alyş çäresidigini habar beripdi.

Musulman jemagatynyň pikirine görä, "OMON polisiýa işgärleriniň hereketi jemgyýetde milletara gatnaşyklara we dinler arasyndaky parahatçylyk ylalaşygyna hem-de sazlaşyga ýaramaz zyýan ýetirýär".

Merkezi Aziýadan bolan işçi migrantlaryň namaz okamak üçin ýygnanyşýan Kotelnikidäki jaýynda, OMON polisiýasy soňky aýlarda gaýta-gaýta gabaw gutap, barlag geçirýär.

Degişli maglumat Russiýadaky täjik migrantlaryna garşy kampaniýa: onuň maksady näme we munuň arkasynda kim durýar?

Ýatladyp geçsek, Kotelniki şäherçesinde migrantlara garşy hüjümler ýerli ýaşaýjylaryň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine wideo ýüzlenmesinden soň başlandy. Olar ýaşaýyş jaýyndaky metjidiň aslynda medeniýet merkezi hökmünde dokumentleşdirilendigini öňe sürdüler, ýöne ol ýerde namaz okalýandygyny we köp sanly musulmanyň toplanyşýandygyny aýtdylar.

Mundan başga-da, ýerli ýaşaýjylar şäheriň "täjik anklawyna" öwrülip barýandygyna närazylyk bildirýärler, ol ýeriň ilatynyň 80%-ni migrantlar düzýär.

"Biz hatda daşary çykmaga-da gorkýarys, özümizi howpsuz duýmaýarys" diýip, prezidente ýüzlenmede aýdylýardy. Şol ýüzlenme ýaýran badyna, 24-nji maýda gije Kotelniki şäherçesinde 100-e golaý täjik migranty saklandy. Namaz okalýan jaý birnäçe günläp ýapyldy. 8-nji iýunda irden polisiýa işgärleri Kotelniki şäherçesindäki gurluşyk meýdançasynda işläp ýören, Täjigistandan bolan 27 migranty saklady.

Russiýada ýaşaýan täjik aklawçysy Şuhrat Kudratowyň aýtmagyna görä, Kotelnikide örän köp sanly täjikler ýaşaýar, olaryň 90-synyň iki raýatlygy ýa-da wagtlaýyn ýaşamaga rugsatnamasy bar, olaryň köpüsiniň öz hususy jaýlary hem bar. «Bu şäherde Merkezi Aziýa respublikalaryndan bolan ilat köp, şoňa görä-de, ol ýerde hemişe polisiýa barlaglary amala aşyrylýar. Biz eýýäm bu gysyşlaryň Täjigistany mümkin boldugyndan çaltrak Ýewroaziýa Ykdysady bileleşigine goşulmaga mejbur etmek maksady bilen gurnalýandygyny aýdypdyk» diýip, biziň gürrüňdeşimiz sözüne goşýar.

Migrantlara garşy geçirilen reýdden soň düşürilen surat

Täjigistanyň häkimiýetleri haýal hem bolsa, Orsýetiň territoriýasynda täjigistanly graždanlaryň tussag edilýändigi baradaky ýagdaýa reaksiýa bildirdi, Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin 6-njy iýunda rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen geçiren duşuşygynda, Russiýanyň territoriýasynda bolýan täjigistanlylara garşy "Ors döwlet organlary tarapyndan migrasiýa proseslerini düzgünleşdirmek boýunça nobatdaky meýilleşdirilen we meýilnamadan daşary geçirilýän çärelerde", olaryň azatlygyna we esasy hukuklaryna hormat goýmagyň zerurdygyny nygtady.

«Bir beýanat ýa-da hat ýollamak bilen ol problema çözülmez – diýip, Şuhrat Kudratow hasap edýär. – Täjigistanyň häkimiýetleri öz graždanlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga hemişe taýýar bolmaly we her bir hukuk bozulmagyna haýal etmezden jogap bermeli, zerur bolsa komissiýa döredip, ony barlag geçirmek üçin, Russiýa ibermeli».

Ýeri gelende aýtsak, geçen anna güni Ýekaterinburgdaky OMON polisiýasy täjik migrantlarynyň bolýan jaýyna hüjüm gurady. Azatlyk Radiosynyň web sahypalaryny okaýanlardan biri ýerli zawoda degişli ol ýatakhanada, 40-a golaý täjik graždanynyň ýaşaýandygyny aýtdy. Omonçylar migrantlara gazaply daraşyp, iş tabşyrýan başlyk şol ýere gelýänçä, olary birnäçe sagatlap urup hem kemsidip saklapdyr. Migrantlaryň birnäçesi henizem tenine düşen ýaradan aýňalyp bilmeýär. Orsýetiň Içeri işler ministrligi OMON polisiýasynyň hereketleri barada, henize çenli resmi reaksiýa bildirmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.