Diňle: Aşa yssy howada keselhana düşýän raýatlar köpelýär, ýangynlar döreýär, mallar haram ölýär
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanyň dürli sebitlerinde indi birnäçe gün bäri aşa yssy howa akymy dowam edýär. 12-nji iýulda Mary welaýatynda howanyň temperaturasy gündiz, kölegede 45 gradusdan aşdy. Yssy howada saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, keselhana düşýän çagalaryň we garrylaryň sany göz-görtele köpeldi. Şeýle-de, yssy howanyň getirýän netijeleri zerarly döreýän ýangynlaryň artmagy, ýerli häkimiýetleri ilaty seresaply bolmaga çagyrmagyna getirdi. Yssy howa we onuň netijeleri barada resmi metbugat duýduryş yglan etmeýän mahaly, ýerli häkimiýetler käbir edaralaryň işgärleriniň iş tertibini “gysgaldylan iş sagadyna” geçirdi.