Diňle: Mollalar Gurbanlyk sadakalarynyň ‘dilegçilere däl-de, metjitlere berilmegini’ ündeýär
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanda Gurban baýramynyň birinji gününde okalan baýram namazyna gabat, gurpdan düşen adamlar hem haýyr-sahawat umydy bilen metjitlere geldiler.
Emma häkimiýet başyndaky Berdimuhamedowlaryň jan-saglygyna doga-dileg etmegi hem ündeýän mollalar, dindarlardan sadakalaryny “el serýän adamlara” däl-de, metjidiň özünde dikilen sandyklara oklamagy soradylar.