Baýramyň öňüsyrasynda, gök-bakja önümleriniň bahalary gymmatlady

Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Gurban baýramynyň öňüsyrasynda, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň bazarlarynda azyk önümleriniň bahalary gymmatlaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy iýunda sebitden habar berdi.

“Bazar satyjylaryndan näme sebäpden bahalar göterilýär diýip, soranymda olara maňa Gurban baýramy sebäpli bahalaryň göterilýändigini, baýramçylyk geçenden soň, nyrhlaryň ýene-de peselmegine garaşylýandygyny aýtdy” diýip, gök-bakja bazaryna aýlanan bir baýramaly ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bir hepde töweregi mundan ozal bir kilogramy 1 manat 40 teňňeden bahalanan garpyzyň kilesi häzirki wagtda 2 manada durýar.

“Onsoňam häzir toýlar köpelýär, gullukdan boşap gelýän esgerleriň şanyna toý sadakalary berilýär. Gök-bakja önümleri saçagyň bezegi. Şol sebäpden nyrhlar göterilýär” diýip, beýleki bir bazar satyjysy aýdýar.

Ýerli bazarçylar köp sanly iýmit önümleriniň bir hepde ozalky bahalar bilen deňeşdirilende 1-5 manat aralygynda gymmatlandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Maryda günebakar ýagy we şeker ýene gymmatlady

Baýramalynyň gök-bakja bazarynda ýokary hilli ýerli tüwiniň bir kilogramynyň bahasy bir hepdäniň içinde 20 manatdan 25 manada çykdy. Bir hepde mundan ozal 2 manatdan satylan käşir 3 manada galdy. 6 manatdan bahalanan kartoşka 7-8 manada, 3-4 manatlyk sogan 5-6 manada göterildi.

Türkmenistanda Gurban baýramynyň senesi her ýyl prezidentiň permany bilen bellenilýär. Şu ýyl 28-29-30-njy iýun günleri türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy yglan edildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan maryly býujet işgärleri baýramçylyk seneleriniň öňüsyrasynda gök-bakja önümleriniň bahalarynyň gymmatlamagynyň adaty bir kada öwrülendigini, ýöne onsuz hem özleriniň alýan zähmet haklarynyň bazar sebedine gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

“Biziň alýan aýlygymyzdan çen tutsaň, bazarlarda bahalar elmydama gymmat ýaly” diýip, maryly bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistan indi ençeme ýyl bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýär. Daşary ýurt walýutasynyň goşa bahasynyň saklanyp galmagy daşary ýurtlardan önüm getirýän ýa-da ýerli önümçiligi daşary ýurt önümlerine garaşly söwdagärleriň we telekeçileriň söwda işini kynlaşdyrýar. Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklaýar. Ýöne dollaryň kursy gara bazarda remi bahadan 4-5 esse ýokary bolmagynda galýar.

Şeýle-de, daýhanlar, ýerli önüm öndürijiler birnäçe ýyl bäri oba hojalyk önümçiligine ters täsir edýän gurakçylyk, ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi we ygalyň az bolmagy ýaly tebigy problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Ýöne býujet işgärleri diňe bir gymmatçylykdan däl, ýyllarboýy özlerini alada goýýan başga bir problemadan hem azar görýärler.

“Býujet işgärlerini başga bir ýagdaý alada goýýar. Ýagny, edara ýolbaşçylary her ýyl Gurban baýramynda janly soýdurmak üçin, işgärlerden pul ýygnaýarlar” diýip bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Aşgabatda ilata tarakanly çörek satylýar

Ýöne olar özlerinden Gurbanlyk niýetine ýygnalýan pullaryň edara ýolbaşçylarynyň şahsy zerurlyklaryna sarp edilýändigine ynanýandyklaryny aýdýarlar.

Baýramalynyň edara-kärhanalarynda ýolbaşçylar gurbanlyk janlysyny satyn almak üçin şu ýyl her işgärden 50 manatdan pul ýygnaýar.

“Her ýyl edara ýolbaşçylary Gurban baýramynda täze eşik geýmeli diýip, boýdan başa täze egin-eşik satyn alýarlar” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda häkimiýetler, edara ýolbaşçylary dürli bahanalar bilen ýyllarboýy öz tabynlygyndaky adamlardan pul toplaýarlar. Resmiler edara-kärhanalarda prezidentiň portretlerini çalyşmak üçin, pagta ýygymyna hakyna tutma işçi ugratmak üçin, tigir satyn almak üçin we şulara meňzeş beýleki düşündirişler bilen ýyllarboýy býujet işgärlerinden pul ýygnaýarlar.

Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary şu wagta çenli býujet işgärlerinden bikanun ýygnalýan pullar boýunça asla iş gozgamady.

Bu aralykda, işgärlerden bikanun ýygnalýan pullar baradaky habarlar resmiler tarapyndan ne tassyklanýar, ne-de inkär edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.