Türkmen migrantlary Türkiýäniň köçelerinde heläk bolýar
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistandan bolan Alişer Sahatow indi köp ýyl bäri Türkiýede motokurýer bolup işleýär. Ol bu işi örän howply hasaplaýar. Ýurtda ýol hadysalarynyň derejesi ýokary we motokurýerleriň gatnaşýan ýol hadysalary köplenç habarlara-da çykýar. Alişeriň gürrüň bermegine görä, türkmenistanlylar resminamasyz işlemäge mejbur bolýarlar. Olar saglyk ätiýaçlandyrmalaryny hem alyp bilmeýärler.