Diňle: Aşgabatda tagtabit dişlän adamlar keselhana düşýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Tagtabitiň ýaýramagy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny alada goýmagyny dowam etdirýär. Mör-möjekleriň döredýän oňaýsyzlyklaryndan başga-da, tagtabit dişländen soň adamlaryň hassahana ýerleşdirilmegi bilen bagly ýagdaýlary belli boldy. Tagtabitiň ýaýramagyna häkimiýetler hem ünsüni artdyrdy, şäher häkimiýetleri dezinfeksiýa geçirýär, prokuratura we sanitariýa-epidemiologiýa stansiýasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda barlaglar başlandy.