Türkmenistanda howanyň aşa gyzmagy bilen, sebitlerde elektrik bökdençlikleri ýygjamlaşýar
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanda howanyň gyzgynlygynyň 40 gradusdan aşmagy bilen, ýurduň dürli künjeklerinde ýene-de köpçülikleýin elektrik bökdençlikleri ýüze çykyp başlady. Lebapda toguň dowamly kesilmegi bilen birlikde, onuň bar wagtyndaky kuwwady hem elektrik abzallaryny kadaly işletmäge ýetmeýär. Ýerli ilat sebitdäki ýakynda açylan iri elektrik stansiýasynyň diňe daşary ýurda tok ibermek üçin ulanylýandygyny, özleriniň tok üpjünçiligindäki meseleleriniň bolsa ýyllar-boýy aradan aýrylmaýandygyny aýdýar.