Türkmenabadyň Migrassiýa edarasy biometrik pasport üçin nobata ‘dekabrda’ ýazga durup boljakdygyny aýdýar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Lebabyň dolandyryş merkezinde biometriki pasport almak ýa-da ony täzelemek üçin nobata diňe ýylyň aýagyndan başlap ýazga durup bolýar. Bu çäklendirme ýurtdaky agyr ykdysady krizis, iş ştatlarynyň köpçülikleýin kemeldilmegi netijesinde, barha köp adamyň ýurtdan çykmak ugrundaky tagallalaryna gabat gelýär. Munuň bilen bagly, mümkin korrupsiýa hadysalary barada hem maglumat gowuşýar.