3-nji maýda Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni sebäpli köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi. Resmi maglumatlara görä, oňa prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşypdyr.
Döwlet media serişdeleri däp bolşy ýaly şol gün müňlerçe türkmen raýaty welosiped sürüşine gatnaşdy - baýramçylyk çäreleri paýtagtda-da, ýurduň sebitlerinde-de geçirildi diýip, habar berdiler. Maglumatlarda Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän welosiped ýörişleri onuň peýdasyna we ekologiýa taýdan arassalygyna köpçüligiň ünsüni çekmek üçin geçirilýändigi aýdylýar.
Bütindünýä Welosiped güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda yglan edildi. Bu senäniň döredilmeginiň inisiatiwasy Türkmenistanda gelip çykdy.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyzçysy hökmünde çykyş etdi we welosiped ýörişlerini geçirmegi ornaşdyrdy. Tutuş ýurt boýunça yzygiderli gurnalýan ýörişlere býujet işgärleri, studentler we okuwçylar mejbury çekilýär. Öz hasabyna sport egin- eşiklerini, tigirleri satyn alýan gatnaşyjylardan çäreleri geçirmek üçin hem pul toplanýar.