Türkmenabatda gijelerine hem işlän meşhur dükan ýapyldy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Lebabyň merkezi Türkmenabat şäherinde gijelerine hem näresmi ýagdaýda hereket eden meşhur söwda dükanlarynyň biri ýapyldy. Sebitiň häkimiýetleriniň ähli söwda nokatlaryny gije sagat 21:00-dan soň ýapmak baradaky dowam edýän talaby, kiçi telekeçileriň mümkin girdejilerinden mahrum bolmagyna getirýär. Hususy dükan eýeleri häkimiýetleriň çäklendirmeleri bilen birlikde, dürli barlag gulluklarynyň para talaplary hem söwdadan el çekmegine sebäp bolýandygyny aýdýarlar.