Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Belarusyň awtoritar hökümdary Aleksandr Lukaşenkanyň Gazagystanyň Russiýa-Belarus döwlet bileleşigi diýilýäne goşulmagy baradaky ‘degişmesiniň’ Merkezi Aziýa döwletinde seslenme tapmandygyny, sebäbi onuň beýleki halkara şertnamalary boýunça öz üstüne alan borçlaryna ygrarlydygyny aýtdy.
Tokaýew 29-njy maýda Demirgazyk Gazagystan sebitiniň daýhanlary bilen duşuşanda, Lukaşenkanyň "degişmesine özüne görä baha berendigini" aýtdy.
Lukaşenka hepde aýagynda rus žurnalistine beren interwýusynda Gazagystanyň hem 1990-njy ýyllarda kagyz ýüzünde döredilen bileleşige goşulmalydygyny aýtdy. Gazak lideri bu bileleşige goşulmak "zerurlygynyň ýokdugyny” aýtdy.
"Sebäbi bu ýerde beýleki integrasiýa toparlanyşyklary hem bar, ozaly bilenem Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi bar” diýip, Tokaýew aýtdy.
Degişli maglumat Belarusyň Lukaşenkasy "her kimiň öz ýadro ýaragyny edinip" biljekdigini aýdýar