Howly jaýlarda ýaşaýan hojalyklar suw zerurlyklaryny ýörite suw howdanlary bilen gidermäge çalyşýar

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Mary welaýatynyň etraplarynda arassa agyz suwy we ekerançylyk suwlary ýetmezçilik edýär. Günorta-gündogar sebitde howly jaýlarda ýaşaýan hojalyklar özbaşdak suw howdanlaryny gurup, özleriniň suw zerurlyklaryny gidermäge çalyşýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitdäki suw üpjünçiliginiň ýagdaýyny öwrendi.

Mary welaýatynyň Murgap, Ýolöten we Baýramly etraplarynda tas her hojalygyň howlusynda ýörite suw howdanlary gurlupdyr.

Hojalyklar öz howlularynyň bir künjünde takmynan dört tonna töweregi suw saklamaga ukyply bolan çukurlary gazyp, onuň astyny betonlapdyrlar we dört tarapyna-da betondan diwar çekip, üstüni ýapyrypdyrlar. Her hojalyk suw daşaýjy ýük ulaglaryna 200 manat möçberinde töleg töläp, dört tonna töweregi suw satyn alýar we suw howdanlaryny özbaşdak doldurýarlar. Etraplaryň ýaşaýjylary suwa düşmek, ýuwunmak, gap-gaç ýuwmak ýaly arassaçylyk işlerini we beýleki suw zerurlyklaryny şeýle usul bilen giderýärler.

Oba ýaşaýjylarynyň arasynda howdan suwuny içýän adamlar hem bar, mal-garalar üçin hem şol howdandan peýdalanylýar.

Degişli maglumat Gurbanguly Berdimuhamedowyň garyndaşy Afrikada guýy gazdyrdy

Etrap ýaşaýjylary birnäçe ýyl mundan ozal öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň ähli oba-şäherlerini agyz suwy bilen doly üpjün etmegi wada berendigini ýatlaýarlar.

Suw daşaýjy awtoulaglar öz çeleklerini Garagum kanalyndan doldurýan ekeni.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýyl bäri suw ýetmezçiligi ýitileşýär. Oba ýerlerinde ekerançylyk suwlary ýetmezçilik edýär, şäher ýerlerinde wagtal-wagtal suw üpjünçiligi kesilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan daýhanlar Mary welaýatynyň bugdaý meýdanlarynda suw ýetmezçiligi sebäpli, kadaly gögerişiň alynmandygyny, galla möwsüminiň öňüsyrasynda, ençeme ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýlaryň bary-ýogy 10-15 sm töweregi boý alyp, suwsuzlyk zerarly ösüp bilmändigini aýdýarlar.

Üstesine, suw ýetmezçiligi sebäpli, käbir ekin meýdanlary zeýkeşlerdäki zeý suwlary bilen suwarylypdyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy suw üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýlary öwrenmek üçin Lebap welaýatyna-da sapar etdi. Ol ýurduň gündogar sebiti bilen deňeşdirilende Maryda suw üpjünçiliginiň ýagdaýynyň has ýabygorlydygyny aýdýar.

Amyderýadan gözbaş alýan Garagum kanaly Lebap, Mary we Ahal welaýatlarynyň üstünden geçip, Balkan welaýatyna çenli uzaýar.

Degişli maglumat Ýiti suw ýetmezçiligi: Daýhanlar ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak üçin agyz suwundan we guýulardan peýdalanýar

Maryly ýaşaýjylar kanalyň ugrundaky beýleki sebitlerde, şol sanda Aşgabatda suw üpjünçiligini kadaly saklamak tagallalarynyň çäklerinde, Mary welaýatynyň Garagum kanalyndan alýan suwunyň çäklendirilýändigini aýdýarlar.

Synçylar we hünärmenler Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda suw üpjünçiliginiň ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny, soňky ýyllarda sebitiň suw resurslaryna agram düşýändigini aýdýärler.

Şeýle howatyrlanmalaryň arasynda Türkmenistanyň goňşusy Owganystanda “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümet 2022-nji ýylyň martynda Amyderýadan gözbaş aljak iri kanalyň gurluşygyna girişdi.

Koş Tepa kanylynyň uzynlygy 285 kilometre barabar bolar. Bahasy 680 million dollar bolan mega taslamanyň birinji tapgyrynyň, ýagny kanalyň takmynan 54 göteriminiň tamamlanandygy aýdylýar. Owganystan bu kanalyň üsti bilen her ýyl Amyderýanyň 10 milliard kub metr töweregi suwuny özüne sowup, oba hojalyk maksatly 550 müň gektar tarp ýeri suwarmagy maksat edinýär.

Bilermenler Koş Tepa atlandyrylýan kanal doly işe girizilende Türkmenistanyň we Özbegistanyň Amyderýadan alýan suwunyň 15 göterim töweregi peseljekdigini aýdýarlar.

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary soňky ýyllarda Amyderýanyň suwunyň, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, onsuz hem ep-esli çekilendigini aýdýarlar.

Suw serişdeleri barada analitiki synlary çap edýän “The Third Pole” neşirinde çykyş eden ýerli bilermenler Koş Tepa kanalynyň Merkezi Aziýa sebitiniň suw üpjünçiligine ýetirjek täsirini seljerdiler.

Neşir bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan türkmenistanly bir ekologiýa hünärmeni Koş Tepa kanalynyň Türkmenistanda we sebitde giň ýaýran şorlaşma getirjekdigini aýtdy.

Degişli maglumat Satellit suratlary Garagum kanalyndaky suw joşmasynyň gerimini görkezýär

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw gatnaşyklary 1992-nji ýylyň fewralynda Gazagystanyň Almaty şäherinde bäş sebit ýurdunyň gol çeken suw ylalaşygy esasynda düzgünleşdirilýär.

Şeýle-de, Amyderýanyň suw serişdelerinden peýdalanylmagy babatynda “Serhetüsti suw serişdelerini we halkara kölleri goramak we ulanmak” boýunça BMG Konwensiýasy amal edilýär.

Türkmenistan 1992-nji ýylda kabul edilen BMG Konwensiýasyna 2012-nji ýylyň awgustynda goşuldy.

Owganystan sebitde suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän suw ylalaşygyna-da, BMG-niň suw serişdelerinden peýdalanmak babatdaky Konwensiýasyna-da goşulmady.

Türkmen resmileri 22-nji aprelde suw serişdelerinden peýdalanylmagyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçirilen ylmy maslahatda suw meseleleriniň halkara hyzmatdaşlygyny talap edýändigini nygtady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.