Türkmenbaşyda mekdep uçurymlaryny ekzamenler gutarmanka goşuna almak üçin çäre görülýär

Harby bölüm. Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanda şu ýyl mekdebi gutarýan ýaşlaryň harby gulluga alynmagy dowam etdirilýär. Käbirler gutardyş ekzamenlerini tabşyryp ýetişmeýär. Mekdep uçurymlary gutardyş ekzamenleri gutarmanka goşuna gitmäge mejbur edilýär. Azatlygyň habarçysy Balkan welaýatynda muňa görülýän taýýarlyklar barada maglumat berýär.

Türkmenbaşynyň harby wekilligi tarapyndan mekdebi tamamlamaly okuwçy ýigitler 15-nji iýunda harby gulluga alnyp gidilmeli edildi. Mekdeplerdäki soňky gutardyş ekzamenler 18 we 22-nji iýunda tamamlanýar.

Bu barada habar berýän ýerli habarçymyz şu sebäpli käbir mekdepleriň oglan okuwçylar üçin ekzamenleriň möhletini öňe süýşürendigini aýdýar: "Erkek okuwçylar üçin armiýa alynmak has möhüm hasap edilip, soňky mekdep synaglary 13-nji iýunda alyndy diýip, kagyz ýüzünde resmileşdirmek we olary harby gulluga alyp gitmek kararyna gelindi. Muny guramak işi mekdeplere we ýerli harby wekilligiň lukmançylyk komissiýasynyň agzalaryna Goranmak ministrliginden tabşyryk geldi".

Degişli maglumat Türkmen ýaşlarynyň okuw üçin goşun gullugyny yza süýşürmek baradaky arzalary ret edilýär 

Habarçymyz ýazky harby gulluga çagyryş kampaniýasynyň iýun aýynyň 18-ne 19-na çenli jemlenmeginiň göz öňünde tutulýandygyny we häkimiýetleriň ýaşlary şoňa çenli goşuna alyp gitmek işini tamamlamaga howlugýandygyny belleýär.

Türkmenistanda harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli amala aşyrylýar. Harby gulluk hökmany hasaplanýar, şertnama boýunça gulluk ýa-da alternatiw gulluk ýurtda göz öňünde tutulmaýar.

Bahar gulluga çagyryş möwsüminde ýaşlaryň mekdebi gutarmanka harby gulluga alynmagy soňky ýyllarda ýygjamlaşdy. Ýaşlaryň goşuna çekilmegi olaryň köpüsini okuwuny kadaly tamamlamak we dowam etdirmek mümkinçiliginden mahrum edýär. Diňe sanlyja adam bilim almagyny dowam etdirmek mümkinçiligine eýe bolýar. Türkmenbaşyda şu ýyl olaryň sany onlarça.

Azatlyk bilen anonim gürleşen ýerli çeşmeleriň biri şeýle gürrüň berdi: "Şu ýyl Türkmenbaşy etrap mekdebini gutaran oglanlar üçin diňe 50 çemesine ýokary okuw jaýyna girmek mümkinçiligi berildi. Olar hem diňe mekdebi ýokary bahalara gutaran we sport ýaryşlarda welaýat ýa-da Türkmenistan derejesinde altyn-kümüş medallara eýe bolan ýaşlar. Olaryň sanawlary taýýarlandy. Emma olara şu tomusky ýokary okuw synaglaryndan geçip bilmedik ýagdaýynda, güýzki harby çagyryşda gulluga gitjekdikleri duýduryldy. Özlerinden dilhaty alyndy".

Bu aralykda ene-atalaryň ogullaryny gullukdan alyp galmak ugrundaky aladalary artýar.

Balkandaky habarçymyz käbir ene-atalara çagalarynyň "saglyk ýagdaýy ýaramaz" diýip, harby komissariatyň lukmanlaryna para berip, 6 aý gullugy yza çekdirmegi başardýandygyny aýdýar. Emma onuň sözlerine görä, munuň bilen bir wagtda hakykatdan saglyk problemasy bar bolan, hatda maýyp ýaşlar hem goşuna alynýar.

Degişli maglumat Esger: Wagtynda öýe dolanmak üçin ýa para bermeli, ýa-da ofiseriň öýüni abatlamaly

"Harby gullugy hem alternatiw we professional armiýa edip, häzirki ýaly ýarym maýyp adamlary ýygnaman, söweşe ukyply professional esgerleri taýýarlamaly. Goý sany az bolsun, emma ýokary taýýarlykly esgerler döwletiň bähbidine bolardy" diýip, ýerli ýaşaýjy pikirini paýlaşdy.

Ýaragly güýçlerindäki agyr şertler, esgerlere ýowuzlyk, açlyk, lukmançylyk kömeginiň bolmazlygy, uly esgerleriň we harby ýolbaşçylaryň ýaşlara zulumy ýaly problemalar ýaşlaryň goşun gullugyny berjaý etmek islemezligine, olaryň ene - atalaryny bolsa, cagalaryny gullukdan alyp galmaga synanyşmagyna sebäp bolýar. Harby gulluga çagyrylanlaryň arasynda ölüm we ýaralanmalar ýaly pajygaly ýagdaýlar hem köpçülige ýygy-ýygydan mälim bolýar. Goşun gullugyndaky agyr şertler köpleri goşundan gaçmaga we ýolbaşçylara para bermek üçin mümkinçilik gözlemäge mejbur edýär.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurduň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk edýän harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň ýokarydygyny yzygiderli aýdyp gelýärler we goşundaky problemalary agzamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.