Türkmenistanda soňky onýyllyklarda ilhalar oýunlaryň, kinolaryň, okyjylaryň elinden düşürmän okaýan kitaplarynyň, ýadaman diňläp bolýan aýdym-sazlaryň kän döredilmeýändigi, ýöne döwletden sylag, at-dereje, orden-medal alan döredijilik wekilleriniň kändigi, şeýle-de medeni maksatly binalara ýüzlerçe million dollarlyk serişdeleriň harç edilendigi aýdylýar. Habarçylarymyz bilen pikirini paýlaşan ýasaýjylaryň tassyklamagyna görä, türkmen teatrlarynda goýulýan oýunlaryň "tomaşaçy meselesi" gözgyny bolmagynda galýar. Azatlyk bu meselä ýerli ýaşaýjylaryň, synçylaryň, sungat hünärmeniniň, ýazyjynyň gözi bilen seretmäge çalyşdy.
Türkmen hökümetiniň soňky ýyllarda medeni maksatly desgalara, şol sanda teatr binalaryna harçlan uly döwlet serişdeleriniň fonunda, teatrlarda goýulýan oýunlaryň tomaşaçy çekişi, biletleriň satylyşy, sahna çykarylýan täze eserleriň aýratynlyklary ýa-da artistleriň döredýän täze keşplerine teatr tankytçylarynyň, tomaşaçylaryň berýän bahalary baradaky maglumatlar az bolansoň, teatrlar bilen tomaşaçynyň arasyndaky açyklygyň ýyl-ýyldan giňemeginiň sebäplerine doly düşünmek aňsat däl. Käbirleri muny ilatyň aşa garyp düşmegi, sungata eliniň ýetmezligi bilen düşündirse, beýlekileri sahna çykarylýan eserleriň tematiki çäkliligi, döwlet gözegçiliginiň aşa berkidilmegi, üstesine teatr wagzynyň juda gowşak bolmagy, bildirişlerde dramaturglaryň atlaryny 'aşak basmak' ýaly hereketler bilen baglanyşdyrýar.
“Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry tomaşaçy meselesinde gaty garyp düşüpdir” diýip, hepde aýagynda 500 tomaşaçy ýerleşýän teatr binasyna baryp, oýun gören, aýdym-saz diňlän ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Oýun goýan adamlara, sahnada öz rollaryny ýerine ýetiren aktýorlara, konsert programmasyny düzüp, aýdym-saz bilen tomaşaçylara hyzmat edýän bagşy-sazandalara gaty haýpym geldi, sebäbi tomaşaçy zalyndaky adamlary barmak basyp sanaýmalydy” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy. Onuň tassyklamagyna görä, teatr binasy örän giň, köşk ýaly, aktýorlar hem erbet oýnamaýar, aýdym-sazlary hem diňlese boljak, ýöne uly zal boş, tomaşaçy ýok.
Degişli maglumat "Sungat öz mertebesini kiçeltmeýärdi"Balkanabat şäherinde 2006-njy ýylyň oktýabrynda açylan teatr binasynda, türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, döredijilik işgärleri üçin ähli şert döredilen, sahna giň we özboluşly, tomaşa zaly, foýe, diwarlar türkmen halkyna mahsus, özüne çekiji milli äheňler bilen bezelen...
Radio bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň biri bu teatryň gurluşygy üçin Balkan welaýatynyň bir ýyllyk býujetiniň möçberinde pul harçlanandygyny öňe sürdi. Emma metbugatda teatryň gurluşygyna harçlanan serişde barada anyk maglumatlary tapmak başartmady.
Metbugat habarlarynda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, gürrüňi edilýän teatrda tejribeli artistleriň uly topary zähmet çekýär, olar ýaş artistler bilen öz tejribelerini paýlaşýar.
“Teatrda sahnalaşdyrylýan oýunlarda ýaş artistleriň janlandyrýan keşpleriniň ýatda galyjy çykmagy we tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanylmagy teatrda halypaçylyk-şägirtlik gatnaşyklarynyň göwnejaý ýola goýlandygyna güwä geçýär” diýip, bu teatryň öwgüsini ýetiren habarlaryň birinde aýdylýar. Türkmen teatrlary saýtynyň maglumatyna görä, bu teatryň režissýory Ö.Galandarow ýurt garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabat Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Mertler Watany beýgeldýär" atly kitaby esasynda "Mukaddesdir bu Watan!" diýen taryhy dramany sahnalaşdyrdy. Ýöne bu dramanyň näderejede meýletin ýa mejbury tomaşaçy çekendigi anyklaşdyrylmaýar.
Ýyllaryň tejribesine görä, Türkmenistanda teatrlaryň tomaşaçy garyplygy sowet döwründen bäri uly mesele bolmagynda galýar. Ýöne öň türkmen artistleri il içinde has giňden tanalýardy, bilinýärdi, indi olaryň beýle meşhurlygy galmady diýip, synçylar belleýär. Soňky ýyllarda bolsa, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy, zähmet migrasiýasynyň ösmegi we döredijilik erkinliginiň has gysylmagy netijesinde, bu mesele has ýitileşene meňzeýär.
“Teatryň aktýorlary, režissýorlary öz goýýan oýunlaryna tomaşaçy çekmek üçin bazarlara, söwda dükanlaryna aýlanyp, reklama paýlap, teatra tomaşaçy gözleýärler. Bu teatr häzirki ýagdaýynda her hepdede oýun görmäge gelýän on-ýigrimi tomaşaçy bilen binanyň içinde harçlanylýan elektrik togunyň tölegini hem töläp bilmeýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Degişli maglumat 'Aýdyňlyk döwründe düşürilen türkmen filmleri edebi erkinligi, durmuş reallygy bilen tapawutlanýar'Bahalary 5, 7 manat aralygynda satylýan biletleri alyp, bu sebitde oýun, konsert görmäge gelýän adam juda azaldy diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Aýry-aýrylykda gürleşilen ýerli synçylaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, diňe teatrlar däl, ýurduň çar künjeginde gurlan we ulanmaga berlen medeni maksatly binalaryň ählisi, Türkmeniň ak öýi binalary, Ruhyýet köşkleri, kitaphanalar köplenç boş durýar.
"Türkmenistanda gurlan medeniýet köşkleri, tirýekkeş ata ýaly, peýda getirmekden geçen, halka goşmaça ýük bolýar” diýip, radionyň ýene bir söhbetdeşi, özüni ýerli telekeçi diýip tanadan raýat aýtdy. Onuň pikiriçe, bu binalara döwletiň we halkyň ummasyz kän altyn puly harçlandy.
“Mysal üçin, Balkanabatdaky teatryň gurluşygyna harçlanan serişdä her birinde 10 müň sany iri şahly maly bolan 15 sany mal fermasyny gurup, olaryň her birinde azyndan 150 adamlyk iş ornuny döredip bolardy. Ýa bolmasa, ol pullara her biri 3 gektar meýdany tutýan döwrebap ýyladyşhanalaryň 30 sanysyny gurup, ýokary hasyl öndürjek adamlara berseler, hem onlarça adama iş orny açylardy, hem öndürilýän, eksport edip boljak önüm köpelerdi” diýip, söhbetdeşimiz öz pikirini telekeçiniň nukdaý nazaryndan düşündirdi.
Ýerli hünärmen sungatyň, teatrlaryň, aýdym-sazlaryň peýdasyny ýa gymmatyny mal fermasynyň ýa-da ýyladyşhanalaryň getirjek peýdasy bilen deňeşdirmegiň dogry bolmajakdygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, adamlara ýaşlykdan we soňra düýpli, töwerekleýin medeni düşünje bermeli; edebiýat, sungat, aýdym-saz, surat, senetçilik sapaklaryny ilki mekdepde gowy öwretmeli, döredijilige höwes döretmeli, soň uly adamlar üçin ýaşaýan ýerleriniň golaýynda, metbugatda uly iş alyp barmaly.
Munuň üçin, söhbetdeş bolan hünärmeniň pikiriçe, häzirki ýagdaýda hem edip boljak, ýöne ýyllar boýy edilmeýän işler bar.
"Mysal üçin, meşhur artistleri, bagşy-sazandalary, ýazjyjy-şahyrlary, şortalary sebitlerdäki teatrlara, Türkmeniň Ak öýi binalaryna çagyryp, şäher adamlarynyň medeni dynç almaga barha kän ýykgyn etmegini gazanyp bolardy. Eger-de medeniýet ministrligi halk artistlerini welaýatlara aýlanyp, konsert bermäge borçly etse, paýtagt teatrlary öz täze sahnalaşdyran oýunlary bilen welaýatlara aýlansa, tomaşaçylar olary görmäge gelerdi” diýip, adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenabat teatrlarynyň mejbury tomaşaçylaryndan toý lybasly barmak talap edilýär"Metbugatda, teleradio gepleşiklerinde we gazet-žurnallarda teatrlardaky oýunlary reklama etmegi guramaly, Medeniýet ministrliginiň häzirki iş programmasy bilen teatrlaryň öz çykdajylaryny ýapmagy hem mümkin däl, gazanç etmek beýle-de dursun" diýip, teatr hünärmeni gürrüňini dowam etdirdi.
"Diňe paýtagtdaky teatrlar däl, welaýatlardaky teatrlar hem öz işlerini üýtgedip gurmaly. Eger olar halkyň gowy görýän bagşy-sazandalaryny, daşary ýurtly meşhur bagşylary çagyryp, wagtal-wagtal konsert gurnasalar, meşhur adamlar bilen duşuşyk geçirseler, öz täze oýunlaryny beýleki sebitlere äkidip görkezseler, zyýanyna işlemän, girdejili işläp bilermikä öýdýärin” diýip, ol aýtdy.
Ýöne bu meseläniň daşyndan görnüşi ýaly ýeňil çözgüdiniň ýokdugyny, türkmen teatrynyň we kinosynyň, şol sanda edebiýatynyň we metbugatynyň il içinde bireýýäm abraýdan gaçandygyny, muňa döwlet başyndakylaryň 'örän dar düşünjesiniň' sebäp bolandygyny aýdýanlar hem bar.
Synçylaryň käbiriniň pikiriçe, adamlar türkmençe bir oýun, kino görenlerinden ýa-da aýdym-saz diňlänlerinden, gowy düşünmeseler hem, daşary ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň dünýä ýaýran eserlerini görenlerini gowy görýärler.
Radionyň başga bir söhbetdeşiniň pikiriçe, türkmen telewideniýesinde Täze ýyl baýramçylygyna gabat taýýarlanylýan gepleşikler, filmler, Ýaşka, Myrat molla dagynyň gatnaşmagynda efire berilýän wideolar adamlarda belli bir derejede gyzyklanma döredýär. Şeýle-de ol merkezde, ýagny Aşgabatda adamlar teatrlarda goýulýan spektakllary görmäge, belki, meýletin gidýändir, emma welaýatlarda adamlar oýun görmäge mejbur edilýär diýdi.
Emma biraz öň 70 ýaşyny belläp, uly zalda barmak çommaldyp sanaýmaly adama konsert beren tanymal aýdymçynyň açyk boýun almagyna görä, Aşgabatda hem garaşylýan diňleýji ýa görüji köpçüligi ýok.
Azatlyk mundan öňki ýyllarda hem býujet edaralarynyň işgärlerinden, talyplardan, okuwçylardan pul çöpläp, teatr zallarynyň dolduryljak bolnuşy hakynda maglumat beripdi.
Degişli maglumat Daşary ýurtly teatrlaryň meşhurlygy, kino görmek mejburlygy. Aşgabadyň medeni durmuşynyň aýratynlyklary"Mekdeplere gelip, çagalara oýunlaryny görkezjek bolýan artistler hem bar, emma çagalaryň köpüsi olaryň getirýän spektakllaryny görmek islemeýär. Her sapar oýun üçin çagalardan 5 manatdan pul ýygnaýarlar. Muňa ene-atalaryň hemmesi razy bolmaýar” diýip, mekdepde üç çagasy okaýan ene aýtdy.
Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan balkanly ýaşaýjylaryň aýry-aýrylykda aýtmaklaryna görä, bu sebitiň ilatynyň arasynda iň köp görülýän kinolar türk seriallary bolup, ikinji orunda Günorta Koreýada öndürilen kinolar durýar.
Türk we koreý kinolaryny ähli ýaşdaky adamlar görýär, mekdep okuwçylarynyň arasynda hem şu iki ýurduň kinolaryny görýänler köpeldi diýip, radionyň söhbetdeşleri aýdýar.
Türkmen teatarlarynda goýulýan oýunlaryň we Türkmenistanda öndürilýän kinolaryň adamlary özünden gaçyrmagynyň esasy sebäbi olaryň syýasat bilen zoraýakdan garyşdyrylmagy diýip, ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
Ýerli edebiýat mugallymy mekdeplerde edebi kružoklaryň işleýändigini we edebiýat bilen gyzyklanýan çagalaryň olara gatnaşýandygyny gürrüň berdi.
"Mekdeplerde edebiýat agşamlary gurnalýar we çagalar öz aralarynda çeper okaýyş ýaryşlaryny geçirýärler. Bu ýaryşlarda, Magtymguly Pyragy ýaly, geçen asyrlarda ýaşap geçen şahyrlarymyzyň eserleri ulanylýar. Ýöne, mugallymlaryň buýurmagy bilen, çagalar Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan kitaplaryny hem ulanmaly bolýarlar. Has dogrusy, geçirilýän ýaryşlarda Bedimuhamedowlary öwmek şert bolup durýar. Olary öwmeseň, bu seniň uly kemçiligiň hasaplanýar” diýip, mekdepde okaýan ogly edebiýat kružogyna gatnaşýan ene radio bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Edebiýat mugallymynyň sözlerine görä, edebiýat kružogyna gatnaşýan okuwçylaryň arasynda daşary ýurt ýazyjylarynyň eserleri bilen gyzyklanýan barha köpelýär.
"Türk ýazyjylarynyň, rus ýazyjylarynyň, iňlis ýazyjylarynyň eserleri bilen köp gyzyklanýarlar. Türkmen ýazyjylary bilen hem gyzyklanýanlar bar. Soňky döwürde ýaşlarda Kerim Hallynyň düzýän goşgulary gyzyklanma döredýär. Ýöne soňky şahyrlaryň döredijiligine garanda, gadymy şahyrlarymyzyň miras galdyran eserlerini has gowy görýärler, olardan many çykarmagy halaýan ýaşlarymyz kän” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.
Degişli maglumat Marynyň teatrynda tomaşaçy bolmaga mejbur edilýän studentlerden biletler üçin pul ýygnalýarHabarçymyzyň gürrüňdeş bolan adamlarynyň birnäçesi ady belli daşary ýurt ýazyjylarynyň, dramaturglarynyň eserleriniň türkmen diline kän terjime edilmeýändigini, dünýä belli ýazyjylaryň iňlis, türk, rus dillerindäki kitaplary kitap dükanlaryna getirilip, elýeterli bahadan satylsa, olary aljak we okajak adamlaryň az bolmajakdygyny aýtdylar.
Azatlyk bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan ýaşuly adamlar has öňki ýyllarda düşürilen türkmen kinolarynyň has manylydygyny, soňky kinolaryň “ýeňil ýa ýuwan görünýändigini” aýtdylar.
"Ozallar kinolarda ol ýa-da beýleki rollary bilen ady çykan adamlar il içinde giňden tanalardy, emma indi soňky artistleriň köpüsi tanalanok, diňe sungat bilen iş salyşýan adamlar tanaýan bolmasa” diýip, habarçy bilen söhbetdeş bolan raýat aýtdy.
Bu pikir bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen hem ylalaşdy.
"Metbugatda edebiýat, sungat wekilleri hakynda gepleşikler berilýär, ýöne olar bilen gyzyklanýan adam az, sebäbi soňky ýyllar köp adam türk ýa-da rus telewideniýesine seredýär” diýip, ol aýtdy.
Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda soňky onýyllyklarda döwlet tarapyndan berilýän at-derejelere, orden-medallara mynasyp bolan döredijilik adamlarynyň sanynyň sowet ýyllaryndaky garanda ençeme esse köpelendigi aýdylýar. Synçylaryň köpüsiniň pikiriçe, bu hili hökümet sylaglaryna mynasyp bolýan adamlar esasan 'gülala-güllük' wagyzçylygyna gatnaşýarlar we öz eserleriniň hakyky agramyna ýa çeperçilik derejesine göz ýumýarlar.
Ýurtda edebi tankydyň, sungat we metbugat tankydynyň öňüne basylan berk böwet ýüzleý, ömri gysga eserleriň köpelmegine getirdi, çäji harpykdan saýlamaga kömek etjek tankydy pikirler, synlar bolmasa, türkmen edebiýatynyň we sungatynyň geljegini göz öňüne getirmek kyn diýip, ýerli hünärmen Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Bu pikir bilen Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally hem ylalaşýar.
Şeýle-de ýazyjy türkmen döredijleriniň köne, sowet çemeleşmelerinden çykmaldygyny, dünýäniň has azat ýurtlaryndaky döredijilik wekilleriniň işlerinden nusga almaga çalyşmalyldygyny belledi.
Ol Türkmenistanda golaýda, 1941-1945-nji ýyllarda bolan urşuň tamamlanmagynyň 78 ýyllygyna gabat halka ýetirilen "Daragt" filminden söz açyp, metbugat habaryndan görnüşine görä, onda hiç hili täze çemeleşmäniň ýokdugyny, Ukrainada barýan urşuň fonunda bu tema has düýpli, has täze göz bilen garalan bolsa, gowy boljakdygyny aýtdy.
Emma döwlet eýeçiligindäki metbugatyň ýazmagyna görä, Oguzhan adyndaky "Türkmenfilm" birleşiginiň täze filmi 'täsirli we ýüreklere ýakyn çykdy'.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.