Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Aşyrguly Begliýew, başga işe geçýänligi sebäpli, wezipesinden boşadyldy.
A.Begliýew sanly ulgam arkaly geçiirlen hökümet mejlisinde öz gözegçilik edýän toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
TDH-nyň ýazmagyna görä, döwlet baştutany hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümleri yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Habarda öňki resminiň haýsy wezipä geçirilýändigi aýdylmady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Begliýewiň ornuna “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy bolup işleýän Batyr Amanowy belledi.
B.Amanowyň öňki wezipesine M.Babaýew bellenildi.
Hökümet başlygynyň orunbasarynyň täzelenmegi daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Wepa Hajiýewiň 11-nji maýda Aşgabada iş saparyna gelen amerikan resmisi, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň ýolbaşçysynyň kömekçi orunbasary Anjali Kaur bilen duşuşyp, beýleki meseleler bilen bilelikde, howa syzdyrylýan metan gazlarynyň azaldylmagy barada maslahat eden gününiň yz ýanyna gabat geldi.
Şol gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda ýaşyl ykdysadyýeti we sanly özgerişligi ösdürmek boýunça tegelek stol söhbetdeşligi hem geçirildi.