Türkmenistan, Täjigistan hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekdi, Magtymguly mekdebiniň düýbi tutuldy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 10-njy maýda Duşenbede duşuşdy.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyrýan iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde, türkmen we täjik wekiliýetleri 23 sany hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdi.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 10-njy maýda türkmen kärdeşini Duşenbäniň “Kasri Millat” köşgünde kabul etdi. Liderleriň ikiçäk geçiren duşuşyklarynyň yz ýany, täjik we türkmen wekiliýetleri giňeldilen düzümde gepleşik geçirdi. Gepleşikleriň netijesinde taraplar hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdi.

Taraplaryň arasynda saglygy goraýyş, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek, maglumatlary tehniki taýdan goramak, ösümlikleriň karantini, oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk, weterinariýa, gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmak, iki ýurduň arasynda ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak, halkara awtomobil gatnawlaryny ösdürmek ýaly 23 ugur boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek şertnamalaryna we ähtnamalaryna gol çekildi.

Şeýle-de, türkmen we täjik liderleri iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda bilelikdäki jarnama gol çekdiler.

Degişli maglumat Berdimuhamedow Täjigistana sapar edýär: Türkmen-täjik gatnaşyklarynda täze sahypa açylýarmy?

Gepleşikleriň yz ýany, türkmen we täjik prezidentleri Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasyna göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. Türkmenistan Täjigistanda entiki türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan sebitinde 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep gurýar.

Berdimuhamedow türkmen we täjik wekiliýetleriniň duşuşygynda eden çykyşynda “sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün edýän mehanizmleri döretmek, gapma-garşylyklara ýol bermezlik, ähli meseleleri syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak” ýaly ugurlarda iki ýurduň garaýyşlarynyň üýtgewsizdigini belledi.

Şeýle-de, türkmen lideri öz çykyşynda “howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmegiň, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we rejeli peýdalanmagyň”, şeýle-de Araly halas etmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtady.

Türkmen lideri täjik tarapyny halkara bazarlara çykmak üçin, Hazaryň port düzüminiň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy.

“Türkmenistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny amatly şertlerde Täjigistan üçin hem bähbitli bolar ýaly ulanmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şeýle-de döwletlerimiziň arasyndaky göni we üstaşyr howa gatnawlaryny dikeltmek mümkinçiligine garamak teklip edilýär” diýip, TDH ýazýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça synçysy Brýus Panniýer 10-njy maýda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanyň tranzit tagallalaryna ünsi çekdi.

“Türkmenistan, elbetde, özüni diňe bir demir ýol we gara ýol arkaly harytlary üstaşyr geçirýän ýurt hökmünde öňe sürmän, eýsem, ol Türkmenbaşy portunyň mümkinçiliklerinden hem peýdalanylmagyny ýola goýmaga synanyşýar” diýip, Panniýer aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet metbugatyna görä, gepleşikleriň gün tertibine sebit howpsuzlygyna degişli meseleler hem girizildi. Täze çagyryşlara, howpsuzlyga wehim salynmagyna garşy hereket etmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanmalar tassyklanyldy, degişli gulluklaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Owganystandaky ýagdaýlar barada-da pikir alşyldy diýip, TDH ýazýar.

Degişli maglumat “Häkimiýeti saklamak üçin”. Merkezi Aziýa ýurtlarynda saýlananlaryň hatyrasyna Konstitusiýany täzeden ýazmak

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon öz çykyşynda Täjigistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça mundan beýläk-de bilelikdäki ädimlere taýýardygyny tassyklady.

Aşgabatly syýasatşynas Serdar Aýtakow 10-njy maýda Azatlyk Radiosyna beren synynda Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyrýan saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, hususan-da dolandyryjy maşgalalaryň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilýändigini aýtdy.

Brýus Panniýer iki awtoritar ýurduň liderleriniň duşuşyklarynda Hytaý we Russiýa ýaly iri döwletleriň sebitdäki täsiri, owgan meselesine çemeleşmeler ýaly döwlet mediasynda aýdylmaýan problemalaryň gozgaljakdygyna ünsi çekdi.

“Gepleşikleriň dowamynda gozgaljak mesele köp, ýöne Türkmenistandaky we Täjigistandaky media serişdeleriniň tebigaty nazarda tutulanda, bu meseleler barada habar beriljegine şübhe bilen garaýaryn” diýip, Panniýer aýtdy.

Türkmenistan we Täjigistan hökümetleri ynsan hukuklaryny basgylamakda, özge pikirleri basyp ýatyrmakda we metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde yzygiderli tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.