Türkmenistanyň iki ýangyç ýatagyndan syzan metanyň global maýlama ýetiren täsiri 'tutuş Britaniýanyň uglerod zyňyndylaryndan has köp boldy'

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

2022-nji ýylda Türkmenistanyň gazylyp alynýan ýangyç serişdeleriniň esasy ýataklarynyň diňe ikisinden syzyp çykan zyýanly metan gazy, şol ýylyň dowamynda tutuş Beýik Britaniýadan syzyp çykan ähli uglerod zyňyndylaryndan has köp möçberde global maýlama sebäp boldy. Bu barada “The Guardian” neşirinde 9-njy maýda çykan maglumatda bellenilýär.