Okuwçylar mekdebi abatlamak üçin pul tabşyrmaga mejbur edilýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda okuw ýylynyň soňunyň golaýlamagy bilen, adat bolşy ýaly, mekdeplerde we okuw-terbiýeçilik edaralarynda abatlaýyş işleri üçin ýene-de mejbury pul toplanýar. Mary welaýatynda ähli mekdepleriň okuwçylary dynç alyşdan öň degişli klas ýolbaşçylaryna azyndan 50 manat tabşyrmaly edildi. Pul bermekden ýüz öwürýänlere, ‘ýaramaz bahalar’ bilen haýbat atylýar. Agyr ykdysady krizisiň arasynda, ene-atalar bu çykdajylaryň özlerine goşmaça agram salýandygyny aýdýar.