Türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistanyň birnäçe döwlet kärhanasynyň we hususy düzümleriniň arasynda 20-den gowrak hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana etjek döwlet saparynyň öňüsyrasynda, 8-nji maýda Duşenbede işine başlan türkmen-täjik işewürler maslahatyny türkmen tarapyndan hökümet başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew we täjik tarapyndan premýer-ministr Usmonali Usmonzoda açdy.
Türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport we maýa goýum mümkinçilikleri baradaky meseleleriň giň toplumy maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, bu ýerde işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi.
Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana etjek döwlet sapary ozalky plana görä 10-11-nji aprelde amala aşyrylmalydy, ýöne ol prezidentiň 7-nji aprelde aradan çykan enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň ölümi sebäpli yza süýşürildi.
Degişli maglumat Duşenbe 'hormat' isleýär, Astana Russiýadan gidýän kompaniýalara 'geliň' diýýär, Aşgabat ‘biznes üçin açykdygyny’ aýdýar