Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagynyň 78 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly parad başlandy. Bu dabara Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň 1945-nji ýylda tamamlanan konfliktden bäri materigiň iň uly gury ýer urşuny alyp barýan wagtynda guraldy.
Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Belarus we Ermenistan ýaly öňki sowet döwletleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda, Sowet Soýuzynyň gitlerçi Germaniýadan üstün çykmagy mynasybetli 9-njy maýda geçirilýän kiçeldilen dabaralara Putin ýolbaşçylyk edýär.
Bu ýurtlar Ikinji jahan urşy döwründe Sowet Soýuzynyň bir bölegi bolupdy, emma olar SSSR-iň dargamagy netijesinde, 1991-nji ýylda Russiýanyň agalyk edýän bileleşiginden çykyp, özleriniň garaşsyzlygyny yglan etdiler.
Bu parad Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başlanan giňişleýin çozuşynyň fonunda, Moskwanyň global ýazgaryş we sanksiýalar sebäpli izolirlenenen we Putine Jenaýat Kazyýeti tarapyndan tussag etmek kararynyň çykarylan wagtynda geçirilýär.
Putin paradyň başynda eden çykyşynda dünýäniň möhüm öwrümde bolandygyny aýtdy we Sowet Soýuzynyň gitlerçi Germaniýadan üstün çykan gününde gurnalan çärä gatnaşýan müňlerçe esgere we tomaşaça ýüzlenip, öz ýurdunyň gelejek üçin göreşýändigini aýtdy.
Öz sözleri bilen aýdylanda, ol "Günbatar globalist elitalaryny" "ýigrenjiň, Russofobiýanyň, agressiw milletçiligiň tohumyny ekmekde", "maşgala, däp-dessur gymmatlyklaryny" ýok etmekde, 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy esassyz urşa başlaly bäri ýygy-ýygydan ulanýan aýyplamalarynda aýyplady.
Putin döwründe Russiýa 20 milliondan gowrak sowet raýatynyň ölümine sebäp bolan Ikinji jahan urşuny hatyralamak üçin köp tagalla edip, sowet ýyllarynda Gyzyl meýdançada geçirilen uly tutumly harby parady hem gaýtadan ýola goýdy.
Putin özüniň 20 ýyldan gowrak dolandyryşy wagtynda rus raýatlaryny olaryň “Beýik Watançylyk urşy” diýip atlandyrýan urşunyň töwereginde jemläp, faşistik Germaniýa garşy alnyp barlan dört ýyllyk göreşiň hatyrasyny milli buýsanjyň aýrylmaz bir bölegine öwürmäge çalyşdy.
Şeýle-de Putin, Sowet Soýuzynyň dargamagyny geçen asyryň "iň uly geosyýasy betbagtçylygy" atlandyryp, awtoritar dolandyryşa barha kän ýykgyn etdi we Ukraina goşun sürmek bilen, ozalky rus we sowet imperiýalary bilen aradaky deňeşdirmelere sebäp boldy.
Gitdigiçe repressiwleşen dolandyryşy we daşary ýurt agressiýasy köp daşary ýurt liderini ondan daşlaşdyrdy we netijede, Putiniň göwün isleginiň bir bölegi bolan parada gatnaşmak isleýän görnükli daşary ýurtlularyň sany azaldy.
Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny bikanun anneksiýa etmegi we hususan-da 2022-nji ýylyň fewral aýynda öz duldegşir goňşusynyň üstüne uly möçberde goşsun sürmegi netijesinde, 9-njy maýda Gyzyl meýdançada bellenilýän Ýeňiş dabarlaryna gatnaşmak isleýän daşary ýurtly myhmanlar, görnükli adamlar görnetin azaldy.
2021-nji ýylda, COVID-19 pandemiýasynyň arasynda, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Moskwada gurnalan Ýeňiş güni paradyna gatnaşan ýeke-täk daşary ýurt baştutany boldy. Bu ýylky Ýeňiş güni dabaralaryna gatnaşýan ýolbaşçylaryň köpüsiniň ady soňky minutlarda belli boldy.
Geçen ýyl, Russiýanyň Ukraina garşy başlan esassyz urşuna iki aý geçeninden soň, Moskwada Ikinji Jahan urşunyň tamamlanmagyna bagyşlanyp gurnalan dabaralara daşary ýurt ýolbaşçylary gelmedi.
Bu ýyldaky dabaralara Belarusyň hökümdary Aleksander Lukaşenka hem gatnaşýar. 30 ýyla golaý wagt bäri häkimiýet başynda bolan Lukaşenka, adatça, Ikinji jahan urşy döwründe weýran edilen Belarusda bellenilýän Ýeňiş güni dabaralaryna ýolbaşçylyk edýärdi.
Putiniň 9-njy maý baýramçylygyna gelen daşary ýurt liderleri bilen gepleşik geçirmegine garaşylýar.
Şu aralykda, öten agşam ukrain paýtagtyna ýene bir raketa hüjümi edileninden soň, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen gepleşik geçirmek üçin, 9-njy maýda Kiýew şäherine geldi.
"Kiýewe, eziz görýän gymmatlyklarymyzy her gün goraýan ýerimize gaýdyp gelmek nähili gowy" diýip, fon der Leýen twitterde ýazdy. "Men prezident Zelenskiniň 9-njy maýy Ukrainada hem Ýewropa güni diýip kabul etmek baradaky kararyny gutlaýaryn" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu fon der Leýeniň Russiýanyň Ukraina garşy sebäpsiz ýerden urşa başlan gününden bäri Kiýewe eden bäşinji sapary bolup, Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa güni hökmünde belleýän gününe, simwolizmden doly 9-njy maýa gabat geldi.
Fransiýanyň daşary işler ministri Robert Şuman tarapyndan 1950-njy ýylyň 9-njy maýynda hödürlenen Şuman jarnamasyna laýyklykda, 9-njy maý Ýeweopada Ýewropa güni hökmünde bellenilýär.