Mary welaýatynyň merkezi we Baýramaly şäherlerinde polisiýa işgärleri pyýada raýatlara gözegçiligi güýçlendirip, olara garşy reýdleri geçirýärler. Olar köçeleri pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerden kesip geçen raýatlary "awlaýarlar".
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy adatça bolşy ýaly polisiýa işgärleriniň öz hususy ulaglarynda gizlenip durýandygyny we pyýadalaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünini bozmagyna garaşýandygyny aýdýar.
"Polisiýa işgärleri raýatlar köçeleri pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerden kesip geçenden soňra saklaýarlar. Bu reýdler Marynyň we Baýramalynyň esasy bazarlarynyň töwereginde geçirilýär" diýip, habarçymyz 5-nji maýda belledi.
Degişli maglumat Maryda polisiýa ilata jerime ýazyp, ‘gaznany doldurmaga’ synanyşýarÝol hereketiniň kadalaryny bozmakda, ýoly geçmesiz ýerden kesip geçmekde aýyplanýan raýatlara, "Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine" esaslanylyp, 40 manat jerime salynýar.
Polisiýa tarapyndan saklanan raýatlar köplenç düzgünden habarsyzdyklaryny aýdyp, olardan duýduryş berip, özlerini goýbermegi haýyş edýärler. Ýöne polisiýa işgärleri olaryň haýyşyna gulak asmaýarlar.
"Polisiýa düzgün bozan iki garryja daýzany saklady. Olar welaýatyň çetki obasyndan gelendiklerini we öz ýaşaýan ýerlerinde pyýada geçelgeleriniň ýokdugyny, şol sebäpli bu düzgüni bilmeýändiklerini düşündirmäge çalyşdylar. Olar pul tygşytlamak üçin iki sagat yssy howada durup, awtobusa münýändiklerini we 40 manadyň özleri üçin uly puldugyny aýdyp, duýduryş berilmegini haýyş etdiler. Olar 'oglum gaýrat et' diýip ýalbarsalar-da, olary diňlemediler" diýip, waka şaýat bolan maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Polisiýa işgärleri düzgün bozan mekdep okuwçylaryny bolsa, polisiýa bölümine alyp gidýärler. Marylylaryň we baýramalylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, bu reýdleriň dowamynda polisiýanyň düzgün bozan raýatlara, şol sanda çagalara gödek çemeleşmegi ýaly wakalar köp bolýar.
"Polisiýa işgärleri düzgün bozan, 4-5-nji synplarda okaýan iki mekdep okuwçysynyň ellerini gaňryp, awtoulaga saldylar. Olar bir okuwçynyň elinden siltelände, onuň kellesindäki tahýasy gaçdy. Muňa golaýdaky duralgada duran adamlaryň köpüsi 'Siz nähili bolaýypsyňyz?, Käýäp goýberseňiz bolmaýarmy?" diýip, nägilelik bildirdi" diýip, başga bir maryly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenabadyň polisiýasy düzgün bozan pyýadalara garşy göreşini güýçlendirdiŞol bir wagtda, habarçy polisiýa işgärleriniň para beren käbir pyýadalary goýberýändigini, paranyň möçberiniň jerimäniň mukdaryndan 10 manat köpdügini we 50 manada barabardygyny hem aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli Polisiýa müdirliklerinden kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozan pyýadalara gözegçiligi wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Maryda soňky gezek şeýle çäreler şu ýylyň fewral aýynyň ahyrynda möwç alypdy. Şonda habarçymyz bilen söhbetdeş bolan kanun goraýjy edaralaryň birnäçe işgäri munuň sebäplerini häkimiýetleriň ilata jerime ýazyp, "döwlet gaznasyny doldurmaga" synanyşýandygy bilen düşündiripdi.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi şäheriň merkezi köçelerinde we şaýollarynda pyýada geçelgeleri ýeterlik bolsa-da, aglaba ýollarynda bu geçelgeleriň her iki kilometr çemesi aralykdan göz öňünde tutulandygyny aýdyp, munuň pyýadalaryň köpüsiniň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozmagyna getirýändigini belleýär.
Düzgün bozan pyýadalara jerime salmak tejribesi Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň kanunlarynda hem göz öňünde tutulýar. Ýöne bu ýurtlaryň aglabasynda, AÝ/AR-nyň özbek, gazak, gyrgyz we täjik gulluklarynyň maglumatlaryna görä, bu kanun iş ýüzünde seýrek amal edilýär we polisiýa gizlenip, düzgün bozýan pyýadalary gözlemeýär.
Degişli maglumat Polisiýa jerime salýar, IIM-gi ulagy tiz sürmezlik we ota basmazlyk barada SMS arkaly duýduryş edýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.