Aşgabatda düýn "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023" atly halkara maslahaty öz işine başlady. Bu maslahatyň gapdalynda ýöriteleşdirilen sergi hem açyldy.
“Bu wekilçilikli forum hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösmegine we sebitleýin ulag infrastrukturasy üçin ygtybarly binýadyň döredilmegine möhüm itergi berer” diýip, türkmen prezidentiniň II halkara konferensiýa we sergä gatnaşyjylara iberen ýüzlenmesinde aýdylýar.
Iki günlük maslahat "Halkara ulag we logistika: çagyryşlar we mümkinçilikler" atly umumy mejlis bilen açylyp, çykyş edenler dünýä söwdasynyň ösüşiniň geljegi we mümkinçilikleri baradaky pikir-garaýyşlaryny paýlaşdylar.
Maslahatyň dowamynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toplumy barada pikir alyşmaga mümkinçilik dörediler diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de, Türkmenistanyň durnukly we howpsuz ulag meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýandygy, durnukly we ygtybarly halkara ulag gatnawlaryny üpjün etmek boýunça köptaraplaýyn wajyp resminamalary kabul etmek başlangyçlary bilen çykyş edýändigi habar berilýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2014, 2015 we 2017-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ugrundaky halkara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça kararlary kabul edildi, 2016-njy ýylda bolsa, Aşgabatda BMG-niň durnukly ulag boýunça ilkinji maslahaty geçirildi.
Türkmenistanda soňky onýyllyklarda dürli meseleler boýunça halkara maslahatlaryny we sergileri gurnamak däp boldy, ýöne ýurt ýapyk bolansoň, geçirilýän maslahatlardan soň edilýän anyk işler, olaryň ýurtda iş orunlarynyň köpelmegine, ilatyň durmuş şertleriniň gowulanmagyna ýetirýän täsirleri barada anyk maglumatlary alyp, degişli edaralaryň hünärmenleri, resmiler, ýönekeý adamlar bilen açyk söhbetdeşlik gurmak mümkinçiligi ýok.
Degişli maglumat “Awaza” ýerli syýahatçylary sebitden kowup, halkara çärelere taýýarlyk görýär