Basylyp alnan Luhanska işlemäge gidip, şol ýerde galan gyrgyzystanly: “Rus kompaniýasy bilen işleşdik, ýöne şertnama baglaşmadyk”

Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystandan Azamat atly migrant «Migrant Media» proýektiniň žurnalistleri bilen habarlaşyp, geçen ýyl gurluşykçy hökmünde işlemek üçin, Russiýanyň basyp alan Luhansk sebitine gidendigini gürrüň berdi. Emma indi yzyna – Moskwa, ol ýerden hem Gyrgyzystana gaýdyp bilmeýändigini aýdýar, rus häkimiýetleri ony gara sanawa girizipdir. Basylyp alnan zonada galan ol adam kömek soraýar. Ol Ukrainanyň häkimiýetlerine özüni tabşyryp bilmeýär: onda 20 ýyl türmä basylmagy mümkin.

Häzir Azamat Russiýa-Ukraina serhediniň golaýyndaky Markino barlag-goýberiş nokadynyň golaýynda saklanýar. Ýöne rus serhetçileri ony yzyna goýbermediler.

«Men öň Moskwada işleýärdim, Luhanska biz goşmaça gazanç üçin geldik. Meniň bilen gelen oglanlar, soňra yzly-yzyna gitdiler. Olaryň hiç hili kynçylyklary ýok ýalydy» diýip, Azamat aýdýar. Mundan ozal garaşsyz žurnalistler Orsýetiň Täjigistandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan bolan zähmet migrantlaryny okkupirlenen ýerlerde gurluşyk işlerine çekýändigini aýtdylar.

«Pasportymyň möhletiniň gutarýandygy sebäpli, Orsýetiň üsti bilen Gyrgyzystana dolanmak isleýän – diýip, Azamat düşündirýär. – Ýöne maňa serhetden geçmäge rugsat bermediler. Olar meniň gara sanawdadygymy aýtdylar. Görsem, olar meniň doglan günümi nädogry ýazypdyrlar. Şeýle-de, olar haýsydyr bir töleg barada gürrüň edýärler. Ýöne ol töleg gyrgyzystanlylara gerek däl! Olar muny meniň özümiň Içeri işler ministrliginden aýdyňlaşdyrmalydygymy aýtdylar!»

Orsýetiň serhetçileri Azamata Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň kagyzyny gowşurdylar. Kagyzda onuň Russiýa Federasiýasynyň territoriýasyna girmeginiň gadagan edilýändigi aýdylýar. Şeýle hem eger-de ol Russiýanyň territoriýasyna düşen ýagdaýynda, 300 müň rubl jerime salynjakdygy duýdurylýar ýa-da dört ýyl möhletinde, jemgyýetçilik hyzmatyna çekilmegi ähtimal, belki-de, şol bir möhletde, ýagny dört ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasy berlip bilner.

«Men munuň sebäbine henizem düşünip bilmeýärin. Olar meni Russiýa goýbermez ýaly, men hiç bir düzgüni bozmadym» diýip, Azamat arz edýär.

Azamat rus goşunlary tarapyndan eýelenen Ukrainanyň territoriýasynda, geçen ýylyň dekabr aýyndan bäri bolupdyr. Öz aýtmagyna görä, onuň bilen bilelikde 30 gyrgyzystanlydan ybarat topar Orsýetden, Luhanska gelipdir. Uruşdan weýran bolan şäherde Azamat dagynyň topary täze jaýlaryň üstünde üçek gurmak işi bilen meşgullanypdyr, ýöne resmi şertnama baglaşylmandyr.

«Biz rus gurluşyk firmalarynyň biri bilen işleşdik, emma onuň bilen resmi iş şertnamasyny baglaşmadyk. Biz tanyşlarymyzyň maslahatyna eýerip, bu ýere gelenimiz üçin, kärhananyň kömegine bil baglap bolmajagyny bilýärin. 2-nji maýda meniň pasportymyň möhleti gutarýar. Men şoňa çenli bu ýerden çykmak isledim. Ýöne gün geçdigiçe, bu ýerde meniň ýagdaýym ýaramazlaşýar. Eger möhlet geçse, maňa näme boljagyny bilemok» diýip, öz ýagdaýyny düşündirýär.

Migrantyň sözlerine görä, ol Gyrgyzystanyň Moskwadaky ilçihanasyna hat ýazyp, kömek sorapdyr. Emma ol diplomatiki wekilhanadan jogap almandyr. «Migrant Medianyň» žurnalistleri hem Gyrgyzystanyň Russiýadaky ilçihanasyndan, diplomatlaryň Azamatyň ýagdaýyny çözmek üçin, häzir nähili çäreleri görýändigini bilmäge synanyşdylar. Ýöne olaryň sowaly hem jogapsyz galdy.

Moskwada migrantlaryň hukuklaryny goramak ugrundan iş alyp barýan adam hukuklary boýunça aktiwistler oňa kömek etmegiň ýollaryny agtarýandyklaryny aýdýarlar.

«Ol raýatyň meselesini çözmegiň nähili ýollary bar? Birinjiden, Ukrainanyň häkimiýetlerine tabyn bolmak. Ýöne bu ýagdaýda, ony basylyp alnan zonada bolany üçin tussag edip, 20 ýyl türmä basyp bilerler. Ikinji usul, bu diplomatik çäre. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi rus tarapynyň oňa geçmek üçin koridor bermegini haýyş etmeli. Meniň bilşime görä, häzir şeýle gepleşikler barýar» diýip, adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Anisa Jeýenbekowa düşündirýär.

«Men migrantlara ýene-de çagyryş edýän! Ol ýere gitmeli däl! – diýip, adam hukuklaryny goraýjy aktiwist nygtaýar. – Owaly bilen howply. Ol ýerde Russiýa Federasiýasynyň kanunlary işlemeýär: ol zona nähili-de bolsa, başga ýurduň territoriýasy hasaplanýar. Eger size Russiýa girmäge rugsat berilmese, muňa garamazdan haýsydyr bir ýol bilen serhetden geçseňiz, onda siziň bu ýerde bolmagyňyz bikanun hasaplanýar we Russiýadan öýüňize uçup bilmersiňiz. Öz durmuşyňyz, geljegiňiz barada oýlanyň!»

Häzirki wagtda basylyp alnan zonada näçe gyrgyzystanlynyň işleýändigini hiç kim bilmeýär. Olar ýüzlerçe, hatda müňlerçe bardyr. Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň aýtmagyna görä, howpuň ýokarydygyna we olaryň duýduryşlaryna garamazdan, migrantlaryň köpüsi henizem Orsýetiň Ukrainadan basyp alan territoriýalarynda işe gidýärler: olar Russiýanyň Ukrainanyň garşysyna alyp barýan urşunda, özlerini nädip ulanýandygyna düşünmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.