Kabulda zenanlar protest geçirip, halkara jemgyýetçiligini “Talybany” ykrar etmezlige çagyrdylar

Owgan zenanlary Kabulda ýöriş geçirýär.

29-njy aprelde Owganystanyň paýtagty Kabulda onlarça zenan öňünden yglan edilmedik ýöriş geçirip, halkara jemgyýetçiligini 2021-nji ýylyň awgustynda Owganystanda häkimiýeti ele geçiren jeňçi toparyny ykrar etmezlige çagyrdylar.

“Talyban” ýurtda häkimiýeti gaýtadan ele geçireninden soň, owgan aýallaryna garşy ençeme gadagançylyklary girizdi, şol sanda bilim almak we işlemek mümkinçiliklerini çäklendirdi.

29-njy apreldäki ýöriş, 1-nji maýda Dohada Owganystan boýunça geçirilmeli sammite gabat gurnaldy.

Hiç bir döwlet “Talybanyň” häkimiýetini ykrar etmedi.