BAE-niň “Dragon Oil” nebit kompaniýasy gelýän 15 ýylda Türkmenistanyň energiýa pudagyna azyndan 8 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýmakçy bolýar diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed bin Said Al Maktumyň Türkmenistanyň Dubaýda geçirilýän göçme forumynda aýdan sözlerine salgylanyp habar berdi.
Bu forum ýurduň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin gurnaldy.
“Dragon Oil” kompaniýasy 23 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň nebit ýataklaryny özleşdirmek taslamasyna 8 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy we geljek 15 ýylyň dowamynda ýene azyndan şol mukdarda maýa goýmaga taýýar” diýip, Ahmed bin Said Al Maktum öz çykyşynda aýtdy.
Şeýle-de ol hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda bilim we tejribe alyşmak arkaly türkmen bazaryna daşary ýurtly maýadarlary çekmegiň tarapdary bolup durýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin gurnalan göçme forum Dubaý şäheriniň “Hyatt Regency” myhmanhanasynda geçirilýär.
Degişli maglumat Halkara nebitgaz forumy ýapyk Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi nazarlaýar