Täjik howpsuzlyk güýçleri 'söweşiji toparyň iki agzasyny' öldürdi

Bezeg suraty

Täjik howpsuzlyk güýçleri owgan serhediniň golaýynda "halkara terror guramasyna" degişli iki adamy öldürdi diýip, Täjigistanyň Milli howpsuzlyk komiteti 26-njy aprelde habar berdi.

Bu waka serhet ýakasyndaky Wanj şäherinde boldy diýip, beýanatda ol adamlaryň şahsyýetleri ýa-da haýsy topara degişlidigi anyklaşdyrylmazdan aýdylýar.

Beýanatda ol adamlaryň ýurda "terrorçylykly hereket etmek niýeti bilen girendigi we terrorçylyga garşy operasiýa wagtynda hukuk goraýjy guramalar tarapyndan öldürilendigi" aýdylýar.

Şeýle-de, ýaraglar, ok-däriler we granatlar ele salyndy diýip, beýanatda hiç bir goşmaça jikme-jiklik berilmän aýdylýar.