Aşgabatda geçirilen maslahatda 'suw meseleleriniň halkara hyzmatdaşlygyny talap edýändigi' nygtaldy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Suw serişdeleri Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 22-nji aprelde Aşgabatda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna bagyşlanyp geçirilen maslahatda aýtdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri habar berýär.