Suw serişdeleri Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 22-nji aprelde Aşgabatda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna bagyşlanyp geçirilen maslahatda aýtdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri habar berýär.
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahata ministrlikleriň we daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplar gatnaşypdyr.
“Serhetara suw hyzmatdaşlygy sebitiň parahat, durnukly we abadan ösüşiniň möhüm bölegidir” diýip, döwlet mediasy türkmen diplomatynyň sözlerini sitirleýär.
Maslahatyň dowamynda suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak baradaky meseleleriň ýakyn halkara hyzmatdaşlygyny talap edýändigi bellenipdir.
Aşgabatda suw meselelerine bagyşlanyp geçirilen maslahat, suw serişdelerini bisarpa ulanmakda tankyt edilýän Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçilik edýän mahaly, goňşy Owganystanda Amyderýadan çekilýän iri kanalyň öňümizdäki ýyllarda Merkezi Aziýanyň suw üpjünçiligine ýetirmegi ahmal negatiw täsirleriniň duýdurylýan pursatyna gabat gelýär.
Degişli maglumat Türkmen bilermeni: Owganystanda guruljak kanal regionda suw meselesini çylşyrymlaşdyrarMaglumat üçin aýdylsa, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti 2022-nji ýylyň martynda uzynlygy 285 kilometre barabar boljak “Koştepe” kanalynyň gurluşygyna girişdi. Bahasy 680 million amerikan dollaryna barabar bolan mega taslamanyň birinji tapgyrynyň, kanalyň takmynan 54 göteriminiň tamamlanandygy aýdylýar. Amyderýadan gözbaş aljak kanal doly işe girizilse, derýanyň Türkmenistana we Özbegistana akýan suwunyň 26 göterime çenli azalmagyna garaşylýar. Owganystan bu kanalyň üsti bilen her ýyl Amyderýanyň 10 milliard kub metr töweregi suwuny özüne sowup, oba hojalyk maksatly 550 müň gektar tarp ýeri suwarmagy maksat edinýär.
Täze kanalyň gurluşygy Merkezi Aziýa ýurtlarynda, Türkmenistanda we Özbegistanda suw üpjünçiliginiň ýagdaýy bilen bagly howatyrlanmalara sebäp bolýar.
Türkmenistanly suw hünärmeni martyň ahyrynda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde kanalyň işe girizilmeginiň Türkmenistan üçin “betbagtçylyk” boljakdygyny duýdurdy.
Türkmen metbugatyna görä, Türkmenistanyň suw serişdeleriniň 95 göterimini Amyderýa üpjün edýär.
Türkmenistanly gidrogeologiýa hünärmeniniň hasaplamalaryna görä, Amyderýanyň suwy 12-15 göterim töweregi azalan halatynda, Türkmenistanyň suw üpjünçiliginiň ýagdaýy 50 göterim töweregi peselip biler.
Türkmen diplomaty Aşgabatda suw meselelerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda Amyderýanyň suw serişdeleri bilen bagly anyk meseleleri agzamady, ýöne “howanyň üýtgemegi şertlerinde” suw meselelerini çözmegiň halkara hyzmatdaşlygyny talap edýändigini nygtady.
Degişli maglumat Amyderýadan gözbaş alýan akabalara suw az çykýar, Çärjewiň ekin meýdanlary suwsuzlykdan kösenýärMerkezi Aziýa ýurtlarynyň suw gatnaşyklary 1992-nji ýylyň fewralynda Gazagystanyň Almaty şäherinde bäş sebit ýurdunyň gol çeken suw ylalaşygy esasynda düzgünleşdirilýär.
Şeýle-de, Amyderýanyň suw serişdelerinden peýdalanylmagy babatynda “Serhetüsti suw serişdelerini we halkara kölleri goramak we ulanmak” boýunça BMG Konwensiýasy amal edilýär.
Türkmenistan 1992-nji ýylda kabul edilen BMG Konwensiýasyna 2012-nji ýylyň awgustynda goşuldy.
Owganystan sebitde suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän suw ylalaşygyna-da, BMG-niň suw serişdelerinden peýdalanmak babatdaky Konwensiýasyna-da goşulmady.
Galyberse-de, Türkmenistan we Özbegistan 2022-nji ýylyň sentýabrynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekdi.
Owgan häkimiýetleri we bilermenler Owganystanyň öz çäginden gözbaş alýan Amyderýanyň suwundan peýdalanmaga doly hakynyň we hukugynyň bardygyny aýdýarlar.
Galyberse-de, Owganystanda “Koştepe” suw kanalynyň gurulmagy bilen bagly meýilnamalar baryp 1970-nji ýyllardan bäri göz öňünde tutulýardy, ýöne ýurtda onlarça ýyl bäri dowam eden uruşlar we içerki başly-baratlyk şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýol bermedi.
Şol bir wagtda, Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümeti häzirki wagtda dünýäde resmi taýdan ykrar edilmeýär.
Bu aralykda, Özbegistanyň Suw hojalygy ministrliginiň metbugat gullugyna görä, 21-nji aprelde Daşkent şäherinde Türkmen-özbek hökümetara toparynyň suw hojalygy meselelerine bagyşlanan üçünji mejlisi geçirildi.
Mejlisde iki döwletiň serhetüsti suw gorlaryndan netijeli peýdalanmagy, Amyderýanyň suwuny bilelikde dolandyrmak ulgamyny awtomatlaşdyrmak, derýanyň kenarlaryny berkitmek ýaly birnäçe meselä seredildi.
Türkmenistanyň dürli sebitleri ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligini başdan geçirýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Amyderýanyň alkymynda ýerleşýän Lebap welaýatynyň daýhan birleşiklerinde hem ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçilik edýändigini, Amyderýanyň suwunyň derejesiniň ymykly peselendigini, derýadan gözbaş alýan akabalara suwuň kadaly çykmaýandygyny habar berýärler. Şol bir wagtda, gyş aýlarynda sebitde suw akabalaryny çuňlaşdyrmak işlerine badalga berildi.
Degişli maglumat Maryda suw ýetmezçiligi kärendeçileriň özara dawalaşmagyna sebäp bolýarBMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy 2021-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň suw serişdelerine agram düşýändigini duýdurdy. Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Bütindünýä resurslary instituty (World Resources Institute) 2019-njy ýyldaky hasabatynda Türkmenistany dünýäde suw serişdelerine agram düşýän 17 ýurduň hataryna goşdy.
Türkmen hökümeti ýurtda suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak babatda möhüm işleriň alnyp barylýandygyny aýdýar.
Özbegistan we Türkmenistan sowet ýyllarynda we garaşsyzlyk ýyllarynda ýüzlerçe müň gektarlyk ekin meýdanlarynda köp suw talap edýän gowaça ekinini ösdürip ýetişdirmekde we sebitiň suw resurslaryna agram salmakda tankyt edildi.
Türkmenistanda Owganystanyň häzirki wagtda gurluşygyny dowam etdirýän “Koştepe” kanalyna meňzeş Garagum kanaly sowet ýyllarynda gazylyp, ulanylmaga berildi.
“Talyban” söweşijileri 2021-nji ýylyň awgustynda Kabulda häkimiýeti basyp aldy. Ýyllarboýy dowam eden uruşlardan we durnuksyzlykdan ejir çeken owgan halky halkara derejede ykrar edilmeýän toparyň dolandyryşy astynda gumanitar betbagtçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy. Owgan häkimiýetleri täze kanalyň gurluşygy bilen ýurtda oba hojalyk önümçiligini artdyrmagy, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagy göz öňünde tutýandyklaryny aýdýarlar.
“Koştepe” kanaly Owganystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetleşýän demirgazyk Balh we Jöwüzjan welaýatlarynyň üstünden geçýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.