Kakada ilat arz-şikaýat edip, gymmat çöregiň bahasyny arzanlatdy

Illýustrasiýa suraty

Geçen hepde Ahalyň Kaka şäherinde ýerli ilat döwlet dükanlarynda azyklaryň, hususanda çörek önümleriniň tas iki esse gymmatlamagyna garşy nägilelikli çäre geçirdi. Munuň netijesinde, häkimiýetler ýeňillikli bahadan satylýan çöregiň ozalky nyrhyny gaýtardylar. Bahalaryň birden aşa gymmatlamagyna 20 müň töweregi ilatly şäherde ýerli unuň ýitirim bolmagy sebäp bolupdyr. Bu ýagdaýlar ýurtda subsidirlenen azyk önümleriniň satuwyny doly aradan aýyrmak ähtimallyklarynyň arasynda bolup geçýär.

“Geçen duşenbe güni Kakanyň [döwlet dükanlarynda] ikinji ýa üçünji sort undan bişirilýän çöregiň bahasy 70 teňňeden birdenkä 2 manada ýetdi. Adamlar çöregi bu bahadan satyn almaga ýagdaýlarynyň ýokdugyny aýdyp, gaty nägile boldular” diýip, bu wakanyň jikme-jiklerini öwrenen habarçymyz 24-nji aprelde gürrüň berdi.

Mundan soňky birnäçe günüň dowamynda ýaşaýjylaryň onlarçasy döwlet dükanlaryndan çörek satyn almagyny bes edip, tas her gün diýen ýaly ýerli häkimlige arz-şikaýat etdiler.

Kakanyň döwlet dükanlarynda satylýan çörek

“Ýolbaşçylar şäherde unuň gaty azalandygyny, şol sebäpli önümçiligiň çykdajylarynyň artandygyny, netijede ‘ýokardan gelen buýruk’ esasynda, çöregiň bahasyny galdyrandyklaryny öňe sürdüler. Emma bu düşündiriş adamlary kanagatlandyrmady. Olar kagyz ýüzündäki buýrugy, şeýle-de dükanyň şu aýyň dowamynda kabul eden ununyň mukdaryny we bahasyny görkezmegi talap etdiler. Resmiler muny edip bilmediler. Netijede, häkimiýetler goh-galmagalyň has ula ýazmagyndan howatyr edip, hepdäniň ikinji ýarymynda çöregiň ozalky nyrhyny gaýtardylar” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Kakanyň käbir ýaşaýjylarynyň habarçymyza anonimlik şertinde aýtmagyna görä, döwlet dükanlary onsuz hem az mukdarda ugradylýan azyk-paýok önümlerini, hususanda uny Aşgabatdan, Marydan we beýleki sebitlerden gelýän telekeçilere we dellalara, näresmi ýagdaýa has gymmada satýarlar. Bu ýagdaýlar barada Kakanyň häkimliginden resmi ýagdaýda düşündiriş almak başartmady.

Degişli maglumat Lebapda ilata heňlän un satylýan mahaly, gara bazarda birinji sort un peýda boldy

Galyberse-de, Kakanyň ýaşaýjylary döwlet dükanlarynda satylýan çöregiň hiliniň ýaramazdygyny, reňkiniň garadygyny, şeýle-de onuň turşumtyk tagamynyň bardygyny aýdýarlar.

Muňa garamazdan, habarçylarymyz bu önümleriň hyrydarynyň köpdügini, döwlet dükanlaryna çäkli möçberde getirilýän azyklaryň alyjylaryň ählisine ýetmeýändigini aýdýarlar.

Bu aralykda, käbir sebitleriň häkimiýetleri ýeňillikli azyk paýlarynyň ýatyrylmagy boýunça teklipler bilen çykyş edip başladylar. Olar bu başlangyçlaryny “halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy hem-de ‘bagtyýar zamanada’ ýurtda emele gelen azyk bolçulygy we elýeterliligi” bilen delillendirmäge çalyşýarlar.

Ýöne häkimiýetler ýurduň aglaba sebitlerinde ilaty azyk paýlary, şol sanda çörek bilen-de kadaly üpjün edip bilmeýärler.

Türkmenistanda raýatlar indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklardan ejir çekýär. Bazarlarda dowam edýän gymmatçylyk, raýatlaryň zähmet haklarynyň bazar sebedine gabat gelmezligi, walýutanyň gara bazar bahasynyň resmi alyş-çalyş kursundan 5-6 esse ýokarda galmagy, galyberse-de, hökümet tarapyndan resmi derejede boýun alynmaýan, ýöne giň ýaýran işsizlik raýatlaryň güzeran şertlerine zarba urýar.

Häkimiýetler bar bolan meselelere garşy göreşmegiň deregine, problemalara ünsi çekýän raýatlara basyş görkezmek arkaly jogap bermegi saýlap alýarlar.

Degişli maglumat Aşgabatda azyk paýlary alty aý bäri paýlanmaýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.