Blohin: Russiýa Türkmenistan bilen wizasyz düzgüne geçmäge 'doly taýýar'

Aleksandr Blohin Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen rus ilçihanasynyň Aşgabatdaky täze binasyny açýar. Arhiw suraty

Russiýa, eger-de şeýle isleg türkmen tarapyndan bildirilse, Türkmenistan bilen wizasyz düzgüne geçmäge taýýar diýip, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohin TASS habar gullugyna beren interwýusynda aýtdy diýip, “Türkmenportal” neşiri habar berdi.

Blohiniň sözlerine görä, Russiýa wiza düzgüniniň çäklendirmelerini Türkmenistanyň taýýar bolan derejesinde ýeňilleşdirmäge taýýar bolup durýar.

“Nygtamak isleýärin: biz Türkmenistanyň boýnuna hiç bir zat atmaýarys. Bu gatnaşyklary düzgünleşdirmek onuň özygtyýarly hukugy, biz onuň kararlaryna hormat goýýarys. Türkmen tarapy nähili karar kabul etse, biz [wiza düzgüniniň] liberallaşdyrylmagyndan doly ýatyrylmagyna doly taýýar” diýip, rus diplomaty aýtdy.

Biraz öň rus prezidenti Wladimir Putiniň Aleksandr Blohini Türkmenistanda 2011-nji ýyldan bäri eýeleýän baş ilçi wezipesinden boşadandygy habar berildi.

Degişli maglumat Kreml Türkmenistandaky ilçisini täzeledi