Kakadaky dokma toplumynyň käbir bölümleri 'tehniki enjamlaryň ýetmezçiligi sebäpli ýapyk saklanýar'

Dokma önümleriniň sergisi. Aşgabat. Türkmenistan. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanda “mejbury zähmet bilen öndürilýän” pagta çig malyny gaýtadan işlemäge gönükdirilen Kaka etrabyndaky dokma toplumynyň käbir bölümleri “tehniki enjamlaryň ýetmezçiligi sebäpli” heniz hem işe girizilmedi. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy dokma toplumynyň işi bilen bagly täze jikme-jiklikleri anyklady.

Bu dokma toplumy 2021-nji ýylyň awgustynda açylyp ulanylmaga berildi.

Türkmen metbugaty fabrikde Germaniýanyň, Belgiýanyň, Ýaponiýanyň we Türkiýäniň dünýä belli kompaniýalarynyň enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny habar berdi.

Ýöne Azatlygyň habarçylarynyň anyklan täze maglumatlaryna görä, önümçilik toplumynyň käbir bölümleri “tehniki enjam ýetmezçiligi” sebäpli heniz hem doly kuwwatynda işe girizilmedi.

Toplumyň ýolbaşçy düzüminiň agzalarynyň işgärler bilen gürrüňdeşlikde aýtmagyna görä, häzirki wagtda käbir enjamlaryň Türkmenistana getirilmegine garaşylýar.

“Tehniki enjamlar ýolda. Indi gelmeli. Şol enjamlar gelenden soňra, täze işçileri kabul ederis!” diýip, Azatlygyň habarçysy kärhananyň ýolbaşçy düzüminiň bir agzasynyň sözlerini sitirleýär.

Degişli maglumat Halkara guramasy ÝB-den türkmen pagtasyna gadagançylyk girizmegi soraýar

Bar bolan maglumatlara görä, dokma toplumy 1300 adamy iş bilen üpjün etmeli.

Habarçymyzyň anyklan maglumatlaryna görä, kompaniýanyň ýüz töweregi işgäri Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň, Gökdepe etrabynyň we Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary bolup, olar esasan toplumyň çägindäki bölümlere, ammarlara we beýleki möhüm bölümçelere ýolbaşçylyk edýärler.

Başga-da, 500 töweregi işgär esasan Ahal welaýatynyň Duşak şäherçesiniň we Tejen şäherçesiniň ýaşaýjylary bolup, olar işçi, garawul, bagban ýa-da ammar işçileri hökmünde işleýärler. Işçilere ortaça 1 müň 600 manat töweregi aýlyk zähmet haky tölenýär.

Döwlet metbugatyna görä, bu kärhananyň gurluşygyna 148 million dollar töweregi döwlet serişdesi sarp edildi.

Şeýle-de, resmi maglumatlarda toplumyň ýylda 3650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary, 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydygy aýdylýar.

Türkmenistanda pagta önümçiligi kärendeçi daýhanlar üçin düşewüntsiz oba hojalyk işine öwrüldi. Pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy, 2018-nji ýylda sähel ýokarlandyrylan hem bolsa, pes bolmagynda galýar. Ýöne daýhanlar üçin düşewüntsiz önümçilige öwrülen oba hojalyk işinden döwlet kärhanalary ‘girdeji’ ýasaýar.

Türkmen metbugaty Türkmenistanda öndürilen dokma önümleriniň 70 göteriminden gowragynyň Russiýa, ABŞ, Türkiýe, Hytaý, Ukraina, Ýewropa we Baltika ýurtlaryna eksport edilýändigini aýdýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagy baradaky aladalaryň fonunda, ABŞ-nyň Gümrük gullugy 2018-nji ýylyň 18-nji maýynda türkmen pagtasyna we türkmen pagtasyndan öndürilen islendik önümiň ABŞ-nyň çägine import edilmegine gadaganlyk girizdi. Bu gadagançylyk heniz hem öz güýjünde galýar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň resmi web sahypasyna görä, ýurduň çäginde 60 töweregi dokma senagaty kärhanasy hereket edýär. Türkmen mediasy ýerli çig malyň ýurt içinde gaýtadan işlenilýändigini we önümleriň içerki bazarlardan artýan böleginiň “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgy bilen daşary ýurtlara eksport edilýändigini aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenistan pagtaçylykda mejbury zähmetden el çekmäge çagyrylýar

Mundan ozal, ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanda öndürilen pagtanyň we dokma senagaty önümleriniň esasan Türkiýäniň üsti bilen daşary ýurt bazarlaryna, şol sanda Ýewropa bazarlaryna eksport edilýändigini anykladylar.

Döwlet metbugaty Kaka etrabynda “18 gektar meýdanda ýerleşýän dokma toplumynyň çäginde önümçilik binalary, iki gatly edara binasy, önümçilik ammarlary, 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy we 16 orunlyk iki sany myhmanhana ýerleşýär” diýýär.

Azatlygyň habarçylary toplumyň taslamasynda göz öňünde tutulan bir marketiň gurluşygynyň togtadylandygyny habar berýärler.

Toplumyň bir işgäriniň sözlerine görä, kärhanada işçi hökmünde işe kabul edilmek üçin, tanyş üsti bilen, 20 müň manat möçberinde para soralýar.

Azatlyk Radiosynyň Kaka etrabyndaky dokma toplumyndan teswir almak synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistan korrupsiýa hasabatlarynda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlary eýeleýär. Hökümet tankytçylary paranyň ýurduň tas ähli pudaklaryna çuň ornaşandygyny aýdýarlar.

2021-nji ýylyň noýabrynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda hem täze dokma toplumy işe girizildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.