Giň ýaýran işsizligiň arasynda, býujet işini taşlap, iş gözleginde daşary ýurtlara gidýän adamlar köpelýär

Aşgabadyň halkara howa menzili. Illýustrasiýa suraty.

1-nji mart – 10-njy aprel aralygynda döwlet edara-kärhanalaryndaky işini taşlap, iş gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sany görnetin artdy diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi aýdýar.

Türkmenistanda resmi derejede ykrar edilmeýän ýöne giň ýaýran işsizligiň arasynda, mundan ozal, hususan-da işsiz raýatlar eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga ýykgyn edýärdi. Ýöne ýurduň ýaramaz galýan ykdysady şertleri, milli puluň hümmetsizligi, býujet işgärleriniň zähmet haklarynyň bazar sebedine gabat gelmezligi ýaly dürli durmuş-ykdysady faktorlaryň fonunda, öz işini taşlap, daşary ýurtlara çykýan raýatlaryň sany artýar.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýurtdaky işsizligiň derejesini görkezýän sanlary aýan etmeýär, türkmen hökümeti ýurtdaky garyplygyň hakyky derejesini açyp görkezýän sanlary äşgär etmeýär.

Eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykýan adamlaryň arasynda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, mugallymlar, terbiýeçiler, saglyk pudagynyň işgärleri, şol sanda şepagat uýalary bar.

Degişli maglumat Aşgabadyň Migrasiýa gullugynda pasport almak isleýänleriň uly nobaty döredi

Ýagdaýdan habarly çeşmämiz bar bolan meýillere salgylanyp, daşary ýurtlara gazanç etmäge gidýän raýatlaryň sanynyň maý – iýun aralygynda has-da artmagyna garaşylýandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugyndan goşmaça teswir alyp bilmedi.

Global koronawirus pandemiýasyndan ozal, iş gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň agramly bölegini ýaş raýatlar emele getirýärdi diýip, çeşmämiz aýdýar. Ýöne göçe-göçlügiň täze tolkunynda ýaşy 45-den geçen we býujet edaralarynda ozal işi bolan raýatlar hem bar.

Türkmenistanyň raýatlary ozalky ýyllarda özlerinden wiza talap etmeýän Türkiýe döwletine syýahat etmäge ýykgyn edýärdiler. Ýöne täze meýiller Türkiýeden daşary Russiýa we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletleriň hem raýatlar üçin “gidilmeli ýurtlaryň” hataryna goşulýandygy görkezýär.

Ýatlasak, Türkiýe 2022-nji ýylyň sentýabrynda türkmen raýatlary üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Azatlygyň çeşmesi muňa garamazdan, Stambula syýahat etmäge isleg bildirýän raýatlaryň sanynyň köp bolmagynda galýandygyny aýdýar.

Degişli maglumat Türkmen metbugaty ýurtdan gidýänleri agzaman, tölegli 'iş tapyjylary' wagyz edýär

“Öňler işsiz adamlar iş üçin daşary ýurtlara gidýärdi, indi býujet edarasyndaky işinden çykyp, daşary ýurtlara gidýän raýatlar hem köpelýär” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Türkiýeden daşary, Russiýanyň Kazan şäheri, Rostow sebiti, Nowosibirsk şäheri we Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheri türkmen raýatlarynyň ýykgyn edip başlan ugurlarynyň sanawyna goşuldy.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, hususan-da Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan respublikasynyň Kazan şäherine gidýän türkmenler köpelýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Russiýa bir ýyldan gowrak wagt bäri Ukraina çozmagy dowam etdirýär. Esassyz rus çozuşlarynyň arasynda Russiýanyň zähmet güýjüniň azalýandygy aýdylýar.

Ýöne, barybir Türkiýe türkmen raýatlary üçin özüne çekiji ugur bolmagynda galýar. Azatlygyň çeşmesi türk wizasynyň üç aýda taýýar bolýandygyny aýdýar.

Daşary ýurtlara gazanç etmäge gidýän raýatlaryň köpüsi ýa ogul öýlendirmek üçin, ýa jaý edinmek üçin, ýa täze jaý satyn almak üçin, ýa-da ogul-gyzyny ýokary okuw jaýyna salmak üçin daşary ýurtlara gitmegi saýlap alýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar türkmen raýatlarynyň ýurt içindäki gazanjynyň güzeran aýlamakdan başga harajatlara ýetmeýändigini görkezýär. Türkmenistanda raýatlaryň iş we okuw üpjünçiligi ýaly meselelerde para-berim uly rol oýnaýar.

Bu aralykda, hökümetçi elektron neşirler iş üpjünçilik ulgamynda hyzmat hödürleýän hususy kadrlar agentliklerini mahabatlandyrýar.

Degişli maglumat THF: Türkiýäniň üç deportasiýa merkezinde 450 töweregi türkmen raýaty saklanýar

“Adamlar daşary ýurtlarda gazanç edip, soňra öz arzuwlaryny amala aşyrmagy maksat edinýärler” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň ýanwarda täzelän sanlaryna görä, häzirki wagtda 222 müň töweregi türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Ýöne resmi däl sanlar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň milliondan aşýandygyny görkezýär.

2019-njy ýylda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri 10 ýyl töweregi wagtyň dowamynda 1,8 million töweregi türkmenistanlynyň uzak möhletleýin esasda daşary ýurtlara göçüp gidendigini habar berdiler.

Global koronawirus pandemiýasynyň fonunda türkmen häkimiýetleri 2020-2022-nji ýyllar aralygynda iki ýyl möhlet bilen halkara syýahaty berk çäklendirdi.

Türkmenleriň esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýe pandemiýa çäklendirmeleriniň ýatyrylmagynyň yz ýany, Aşgabadyň haýyşy bilen, türkmenistanlylar üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy, Russiýa bolsa, goňşusy Ukrainanyň üstüne esassyz goşun sürdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.