Gyrgyzystanyň “Baýraktar” ulanyjylary Türkiýede tälim aldy

“Baýraktar" drony. Bezeg suraty

Gyrgyzystandan gelip, “Baýraktar Akynçy” pilotsyz uçarlarayny ulanmagy öwrenen gyrgyzystanlylar Türkiýede tälim okuwlaryny tamamlady diýip, “Baýkar” kompaniýasy öz twitter sahypasynda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, 8-nji aprelde Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň howpsuzlyk işgärleri türk pilotsyz uçarlaryny ulanmak boýunça ýörite kurs geçdiler. “Anadolu” habar gullugynyň maglumatyna görä, tälim okuwlaryna 96 kursant gatnaşypdyr we olara degişli şahadatnamalar gowşurylypdyr.

"Okuwyny üstünlikli tamamlan we Baýraktar AKINCI bilen bilelikde öz ýurduna hyzmat etjek ähli türk, azerbaýjan we gyrgyz öwrenijilerini gutlaýarys" diýip, kompaniýa ýazdy.

Türkiýäniň uçar öndüriji “Baykar” kompaniýasy 1984-nji ýylda, telekeçi Özdemir Baýraktar tarapyndan esaslandyryldy. Açyk çeşmelere görä, bu kompaniýa pilotsyz howa ulaglaryny ilkinji gezek 2000-nji ýylda işläp düzmäge başlady.

Döwlet howpsuzlygy boýunça milli komitetiň başlygy Kamçybek Taşiýew geçen ýylyň noýabr aýynda Gyrgyzystanyň Türkiýeden “Aksungur” pilotsyz howa ulagyny alandygyny aýtdy.

Hüjüm etmek üçin ulanylýan "Bayraktar TB-2" pilotsyz uçarlary 2021-nji ýylda Gyrgyzystanyň Serhet gullugynda ulanylyp başlandy, olar respublikan býujetiniň hasabyna satyn alyndy.