“Talyban” Amyderýadan Koştepe kanalyny gurýar: Owganystanda ýyllar boýy dowam eden uruş suw üpjünçilik ulgamlaryny hatardan çykardy we ekerançylyk ýerleriniň möçberi ýarysyndan gowrak azaldy. Bu ugurda kanalyň gurluşygy we umuman, suwaryş ulgamynyň ösdürilmegi Owganystan üçin uly ähmiýete eýedir. Emma bu kanalyň gurulmagy Özbegistana, ähtimal, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýaramaz täsir edip biler. Halkara hem-de özbek hünärmenleri kanalyň işe girizilen ýagdaýynda we ondan Amyderýanyň suwy akdyrylsa, Özbegistanyň birnäçe sebitlerinde suw ýetmezçiliginiň agyr kynçylyk döretjekdigini çaklaýarlar.
55 ýaşly Zeýniddin Hojaýerow Özbegistanyň Surhanderýa welaýatynda, ýer alyp daýhançylyk edýär. Soňky bäş ýyldan bäri üzüm ösdürip ýetişdirýär. Geçen ýyl onuň fermasy üçin agyr döwür boldy: suwuň ýetmezçiligi sebäpli bäş gektar üzümçilik gurady. Ol adam 3,5 müň dollardan gowrak ýitgä sezewar bolup bergä batdy. Özbegistanyň günortasyndaky beýleki daýhanlar ýaly, Zeýniddin täze kanalyň gurluşygyndan soň, ýagdaýyň has-da erbetleşmeginden howatyr edýär.
«Bizde suw ýetmezçiligi zerarly ýitgi çeken daýhan köp. Garagalpagystanda we Horezmde ýagdaý bizdäkiden – Surhanderýa welaýatyndan hem beter. Ol sebitler Amyderýanyň aşaky akymlarynda ýerleşýär, gurakçylykdan soň ýerler duzlaşýar hem çöllüge öwrülýär. Eger Amyderýanyň suwunyň derejesi peselse, ol sebitlerde heläkçilik döräp biler» diýip, Zeýniddin Hojaýerow Azatlygyň Özbek gullugyna gürrüň berdi.
Owganystanda Koştepe kanalynyň gurluşygy 2023-nji ýylyň mart aýynda belli boldy. Meýilnama laýyklykda, onuň uzynlygy 285 km, giňligi – 100 metr, çuňlugy – 8,5 metr çemesi bolmalydyr. Gurluşyk işlerini 5 ýylda tamamlamak niýetlenildi, kanal doly gurlandan soň, Owganystan Amyderýanyň suwunyň azyndan üçden bir bölegini alar. "Talybanyň" maksadyna görä, kanal Owganystanyň demirgazygyndaky üç etraba suw berer.
Degişli maglumat “Talybanyň” Amyderýanyň akabasynda gurýan kanaly Türkmenistanyň suw meselesini “ýitileşdirip” biler"Talyban" hökümeti mundan iki ýyl ozal Owganystanda häkimiýeti ele geçirdi. Olar häzire çenli dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan ykrar edilmeýär. Şol bir wagtda, halkara hukuklaryna laýyklykda, serhetdeş derýa suwlary ulanylanda, ýurtlar halkara hukuk normalaryna eýermeli we goňşularyň bähbitlerini nazara almak bilen ylalaşyk baglaşmaly. Emma Owganystan henize çenli sebit ýa-da halkara şertnamalarynyň hiç birine goşulman, öz-özünden Koştepe kanalyny gazyp başlady.
Ekspertleriň bellemegine görä, Täjigistan kanalyň gurluşygynyň ýaramaz täsirinden gaça durup biler. Emma Özbegistan Amyderýanyň bir tarapynda ýerleşýändigi üçin, belki-de, kanalyň gurluşy tamamlanandan soň, suw ýetmezçiligini duýup biler. “Talyban” proýektiniň ýaramaz netijeleri goňşy Türkmenistanda-da duýlar.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew kanalyň gurluşyk meselesini eýýäm gozgady. Ýöne soňky wagtlarda, hatda "Talyban" bilen geçirilen duşuşyklardan soň hem özbek häkimiýetleri bu barada hiç hili pikir bildirmedi.
«Özbegistanyň hökümeti bu meseläni bilelikde oturyp çözmegiň ýerine "Talybany" Samarkant şäherine äkidip, olaryň egnine halat ýapýar we sowgatlar berýär. Ol kanal biziň milli bähbitlerimize howp salyp biler. Suw ýetmezçiligi meselesinden, diňe bir häzirki nesil däl, eýsem geljekki nesle-de howp abanyp biler!» diýip, özbegistanly ykdysatçy Hidirnazar Allakulow Azatlygyň Özbek gullugyna aýtdy.
Degişli maglumat Türkmen bilermeni: Owganystanda guruljak kanal regionda suw meselesini çylşyrymlaşdyrar"Talyban" eýýäm goňşularyny alada etmezlige çagyrýar. "Talybanyň" resmi wekili Zabihulla Mujahid şeýle diýdi: «Biz başga halklaryň ýeke damja suwuna hem dawa etmeris, munuň üçin hiç bir döwlet alada etmesin. Biz Özbegistan bilen gowy, dostlukly gatnaşyklary alyp barýarys. Olar Owganystanyň dikeldiş işlerini goldaýarlar we bu ugurdan kömek edýärler».
Kanalyň gurluşygynyň bahasy 684 million dollara barabar bolar diýlip çaklanylýar. "Talyban" kanalyň gurluşygynyň döwlet hasabyna amala aşyrylýandygyny aýdýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, gurluşyk meýdançasynda birnäçe müň adam işleýär:
«Owganystandan alnan maglumatlara görä, kanalyň gurluşygy örän çalt depginde alnyp barylýar. "Talybanyň" maglumatlaryna laýyklykda, kanalyň gurluşygynda 6 müňe golaý adam gije-gündiz işleýär. Emma hünärmenler şeýle uly kanaly gysga wagtyň içinde tamamlamagyň mümkin bolmajagyny aýdýarlar. Owganystanda häzirki zaman gurluşyk enjamlarynyň ýoklugy, şeýle hem esasy işiň tejribesiz işçiler tarapyndan amala aşyrylýandygy sebäpli, bu mümkin däl» diýip, Owganystanyň öňki zähmet ministri Başir Ahmed Taýanç nygtaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.