Türkmen prezidentiniň enesi Ogulabat eje aradan çykdy

Ogulabat ejäniň prezident saýlawynda ses berýän pursaty. 2017-nji ýyl, 12-nji fewral. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň enesi, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat ejäniň aradan çykandygy habar berilýär.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon şu gün Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç hatyny iberdi diýip, täjik lideriniň web sahypasy 7-nji aprel güni giçlik çap eden habarynda aýtdy.

"Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň köp hormatlanylýan ejeňiňiziň ýogalandygy baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdim” diýip, täjik lideri Türkmenistanyň öňki prezidentine iberen telegrammasynda oňa çuň gynanjyny bildiripdir, Berdimuhamedowyň özüne we ýakynlaryna bu kyn ýagdaýda sabyr-kanagatly bolmagy arzuw edipdir.

Gynanç hatynda merhumyň ýaşy, ýogalmagynyň mümkin bolan sebäpleri barada hiç zat aýdylmaýar.

Bu maglumat Türkmenistanda Bütindünýä Saglyk gününiň prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda we welosipedli ýörişe badalga bermeginde, uly dabara, sport çäreleri hem-de aýdym-saz bilen bellenen gününe gabat geldi.

"Watan" habarlar programmasynyň maglumatyna görä, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji aprelde bellenen Saglyk güni dabaralarynyň täze gurulýan Arkadag şäherinde geçirilen çärelerine gatnaşyp, welosipedli ýörişiň öňüni çekdi, öz syýasatyna bagyşlanyp döredilen aýdymlary diňledi.

Mundan başga, türkmen metbugaty şol gün G.Berdimuhamedowyň "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" kitabynyň 14-nji tomunyň iňlis diline çapdan çykandygyny habar berdi.

"Orient" neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty altynjy gün Ogulabat Berdimuhamedowanyň 86 ýaşynda aradan çykandygyny habar berdi.

Şeýle-de, enesiniň ýogalmagy bilen baglylykda, prezident Serdar Berdimuhamedowyň 10-11-nji aprelde Täjigistana etmeli resmi saparynyň näbelli bir senä yza süýşürilendigi habar berilýär.