Pensiýalar we döwlet kömek pullary gijikdirilýär

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda raýatlaryň mart aýy üçin pensiýa haklary we döwlet kömek pullary gijikdirilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

Ýerli banklaryň işgärleri töleg möhletiniň gijikdirilmegini raýatlaryň bank maglumatlarynyň her ýylyň mart aýynda gaýtadan bellige alynmagy boýunça hereket edýän talaplar bilen düşündirýärler.

Ýöne bu talaplar babatda türkmen banklary ýa-da Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi üstümizdäki ýyl üçin resmi bildiriş çap etmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Kaka etrabynda pensiýa we döwlet kömek pullarynyň tölegleriniň 15-nji aprele çenli geçirilmegine garaşylýandygyny habar berýär.

Bank tölegleriniň gijikdirilmegi, şol bir wagtda bu ýagdaýyň fonunda emele gelen maglumat boşlugy we gümürtiklik ilat arasynda başagaýlyga ýol açýar.

“Dört gün geçdi, pensiýa haklary we döwlet kömek pullary henizem bank kartlarymyza geçirilmedi” diýip, Kaka etrabyndan bolan birnäçe ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Degişli maglumat Iýmelimi ýa-da derman almaly? Türkmen pensionerleri krizisde gün görmäge synanyşýarlar

Habarçymyz ýerli ýaşaýjylaryň yza çekilýän tölegler barada beren maglumatlaryny etrapda ýaşaýan ýagdaýdan habarly bir çeşme arkaly tassyklatmagy başardy.

“Pensiýalar aýyň 15-ne çenli saklanar. Bankda pul ýok diýýärler” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Ýöne ýerli bank işgärleri gijikdirmeleriň sebäplerini raýatlaryň bank kartlarynyň rekwizitleriniň her ýylyň mart aýynda gaýtadan bellige alynmagy babatda girizilen talaplar bilen düşündirýärler.

“Pensiýa we döwlet kömek pullaryny kabul edýän raýatlaryň bank kartlaryny täzeden registrasiýa etmeli. Bu talap her ýylyň mart aýynda gaýtalanýar. Adamlar pasportlaryny eltip, täzeden hasaba durmaly. Şondan soň [mart aýy üçin] tölegler [üstümizdäki] aýyň 15-ne çenli geçirilýär” diýip, bir bank işgäri aýdýar.

Raýatlaryň plastik kart we pasport maglumatlaryny özleriniň ýaşaýan sebitlerinde ýerleşýän degişli banklarda gaýtadan bellige aldyrmalydyklary aýdylýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi bank işgärleriniň registrasiýa talaplary barada aýdýanlarynyň her ýyl gaýtalanmaýandygyny aýdýarlar.

“Ozal beýle zat ýokdy. Banklarda pul ýok. Şol sebäpden pullary gijikdirýärler. Ähli pullaryň täze gurulýan şähere geçirilýändigi aýdylýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlary hem garaşsyz ýa-da resmi taýdan tassykladyp bilmedi.

Degişli maglumat Lebaply býujet işgärleri: Aýlyklar iş ýüzünde 10% däl-de, 7% ýokarlandy

Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynda tarp ýerden täze şäher bina edilýär. Şäher üçin häzirlikçe 5 millard dollar töwereginde uly möçberde maliýe serişdeleriniň sarp edilmegine garaşylýar. Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary ýurduň döwlet edara-kärhanalarynda ‘dürli bahanalar bilen’ işgärleriň aýlyklaryndan tutulýan resmi däl tutumlar barada habar berip gelýärler.

Pensiýa we döwlet kömek pullarynyň gijikdirilmegi käbir adamlar üçin garaşylmadyk ýagdaý bolýar.

“Käbir adamlar bank kartlaryndan pul nagtlaşdyrmaga howlugýarlar we begenip bankomatlara barýarlar. Ýöne tölegiň heniz geçirilmändigini görüp, banklara barýarlar. Bank işgärleri bolsa registrasiýa talaplaryny gaýtalaýar” diýip, kakaly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Pensiýalara ýa-da döwlet kömek pullaryna garaşly galýan hojalyklar emele gelen garaşylmadyk ýagdaý sebäpli, öňümizdäki iki hepdäniň dowamynda özleriniň onsuz hem ýaramaz bolan güzeran şertleriniň agyr boljakdygyny aýdýarlar.

“Her aý 300-500 manat bilen et ýa-da başga iýmit önümlerini satyn alýan adamlar aýyň ortasyna çenli näme etmeli diýip, oýlanýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýaş gelin özüniň kiçi ýaşly çagasy üçin her aý döwletden 280 manat töweregi kömek puluny kabul edip alýandygyny, ýöne aýlyk harajatlarynyň köp bolýandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň hökümeti ilatyň durmuş goraglylygynyň üpjün edilýändigini, raýatlaryň durmuş üpjünçilik derejesiniň ýokarydygyny aýdýar.

Ýöne Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar, bazarlardaky gymmatçylyk, walýutanyň alyş-çalyş nyrhynyň resmi kursdan 5-6 esse ýokary saklanmagy, raýatlaryň aýlyk girdejileriniň bazar sebedine gabat gelmezligi, resmi derejede tassyk edilmeýän giň ýaýran işsizlik we garyplygyň derejesiniň ýokarlanmagy ýurtda esasan-da gowşak gatlagyň durmuş şertlerini we güzeran aladalaryny agyrlaşdyrýar.

Degişli maglumat Balkanda döwletden kömek pullaryny almak üçin goşmaça talaplar girizildi

Türkmenistanda hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk 62 ýaşy dolan erkek adamlaryň we 57 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň ýaşy boýunça pensiýa almaga hukugy bardyr. Pensiýalar raýatlaryň hünäri, gulluk ýyllary we beýleki faktorlar bilen baglylykda tapawutlanyp bilýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda üç ýaşa çenli bolan çagalara seredýän hossarlar üçin, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça, maýyplyk boýunça, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça we çaga doglanda döwlet kömek pullary berilýär.

Türkmenistanda pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlylyk ululygy 450 manat möçberinde, döwlet kömek pulunyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 430 manat möçberinde kesgitlenýär.

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanda iň pes aýlyk 1160 manat möçberinde bellenildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.