Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda bolan ýol heläkçiliginde kämillik ýaşyna ýetmedik üç mekdep okuwçysy heläk boldy. Bu waka şaýat bolanlaryň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, heläkçilik polisiýa işgäri tarapyndan dolandyrylýan awtoulagyň metjitden gaýdyp barýan adamlaryň üstüne batly sürülmegi netijesinde ýüze çykdy.
"Waka 5-nji aprelde gije sagat 11 töwereginde etrabyň "Bedirkent" (ozalky ady 'Nyýazow') daýhan birleşiginde boldy. Şonda ýerli polisiýa bölüminiň uly leýtenanty aşa serhoş ýagdaýda gulluk wezipesini ýerine ýetirip, özüne degişli territoriýany aýlanýan mahaly, ulagy aşa ýokary tizlikde dolandyrýar we ony tarawa namazyny okap, ýoluň gyrasyndan ýöräp, öýlerine barýan bäş adamyň üstüne sürýär. Olaryň iki sanysy gaçyp ýetişýär, ýöne üç ýaş oglan ulagyň aşagynda galýar" diýip, sebitdäki habarçymyz aýtdy.
10-njy we 11-nji synplarda okaýan iki okuwçy wakanyň bolan ýerinde heläk boldy. Şeýle-de, ýene bir okuwçy Görogly etrap hassahanasynyň intensiw bejeriş bölüminde aradan çykdy.
Degişli maglumat Aşgabatda awtoulag heläkçiliginde iki mekdep okuwçysy öldi"Olar sebitiň 22-nji mekdebinde okaýardylar" diýip, habarçy waka boýunça derňew işiniň başladylandygyny, ýöne polisiýa işgäriniň heniz tussag edilmändigini aýtdy.
"Diňe sud işi gutarandan soňra tussag edilýär. Adatça şeýle heläkçilikler ýüze çykanda, polisiýa işgärleri üç aý düzediş işine ugradylýar" diýip, habarçy sözüne goşdy.
Azatlykda heläkçilige sebäp bolan uly leýtenantyň şahsyýetini anyklaýan maglumatlar bolsa-da, ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Bu aralykda, heläk bolan mekdep okuwçylarynyň ene-atalary we dogan-garyndaşlary bu ýagdaýdan nägile bolup, polisiýa işgäriniň uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilmegini isleýärler.
"Polisiýa arak içip, wezipe borçlaryny ýerine ýetirýärkä, döwlet ulagynda bigünä raýatlary kakyp öldürýär. Adalat ýok. Adalat isleýäris. Oňa agyr jeza berilmese razy däl" diýip, habarçy heläk bolan okuwçylaryň biriniň hossarynyň aýdan sözlerini sitirledi.
Habarçy munuň sebitde polisiýa işgärleriniň serhoş ýagdaýda wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän mahaly, ýol heläkçiligine sebäp bolmagy bilen bagly birinji waka däldigini hem aýdýar.
Degişli maglumat Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda bolan ýol heläkçiliginde ýedi adam öldi"Mundan üç ýyl çemesi ozal Görogly etrap polisiýasynyň bäş işgäri içgili ýagdaýda ulag dolandyryp, uly ýol heläkçiligine uçrady. Bu waka Gazojak-Daşoguz ýolunyň Görogly etrapdan geçýän böleginde, Daşoguzdan takmynan 40 kilometr uzaklykda boldy. Şol wakada dört polisiýa ofiseri aradan çykdy" diýip, habarçy belledi.
Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän mahaly, serhoş ýagdaýda ýol hadysalaryna sebäp bolan polisiýa işgärlerine "ýeterlik jeza berilmeýändigini" aýdýar.
"Adam pidalaryna sebäp bolan polisiýa işgärleri tussag edilenden üç-alty aý soň günä geçişlikde azatlyga goýberilýär we öýlerine dolanýar. Olara ýeterlik jeza berilmezligi şuňa meňzeş heläkçilikleriň ýene gaýtalanmagyna sebäp bolýar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada ýerli polisiýa bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri we köpçülikleýin habar serişdeleri adatça ýurtda bolýan ýol heläkçilikleri ýa-da tebigy hadysalar barada maglumat bermeýärler. Bu heläkçiliklerde ýylda näçe adamyň wepat bolýandygy baradaky statistika hem mälim edilmeýär.
Ýöne Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler adam pidalaryna getirýän köçe-ýol, otly betbagtçylyklary barada ýygy-ýygydan maglumat berýärler.
Degişli maglumat Maryda bir ýaşaýjy otlynyň aşagyna düşdiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.