Birleşen Milletler Guramasy 5-nji aprelde "Talybanyň" owgan zenanlarynyň bu agentlikde işlemegini gadagan etmek baradaky kararynyň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy we muny aýal-gyzlaryň hukuklaryny "deňsiz-taýsyz" bozmak diýip atlandyrdy.
Bu beýanat Owganystanyň dolandyryjylary “Talyban” Birleşen Milletler Guramasyna owgan aýal-gyzlaryna indiden beýläk dünýä guramasynda işlemek rugsadynyň berilmejekdigini aýdanyndan bir gün soň edildi.
“Talybanyň” täze girizen gadaganlygy BMG-niň bu ýurtdaky missiýasy özüniň gündogar Nangarhar welaýatyndaky zenan işgärleriniň işe çykmagynyň öňüniň alynmagyndan alada bildireninden soň belli boldy. "Talyban" bu gadaganlyk barada aç-açan düşündiriş bermedi.