Arkadag şäheriniň wagyz işleriniň batlanmagy bilen, türkmen lideriniň şahsyýet kulty dabaralanýar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda gurluşygy dowam edýän Arkadag şäheriniň wagyz işlerine bat berilýär. Şäherde alnyp barylýan işleri üstünlikli wagyz etmek maksady bilen, ýaňy-ýakynda “Arkadag” gazeti we “Arkadag” teleýaýlymy esaslandyryldy. Gazet iýul aýynda, teleýaýlym sentýabr aýynda öz işine başlar. Bu aralykda, “Arkadag” şäherine “döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy” berilýär. Azatlygyň çeşmeleri türkmen paýtagtynyň tapgyrlaýyn esasda we ýuwaş-ýuwaşdan Arkadag şäherine göçürilmek ähtimallygy, ýa-da Arkadag şäherine Türkmenistanyň ikinji paýtagty statusynyň berilmegi bilen bagly çaklamalar barada habar berýärler. Synçylar “Arkadagyň” töweregindäki soňky işjeňlige “lideriň şahsyýet kultuny mundan-da beýläk ösdürmek synanyşyklary” hökmünde baha berýärler.