Türkmenistan Türkiýede raýatlary rugsatly ýaşaýan daşary ýurtlaryň onlugyna girýär

Bezeg suraty

Türkiýede kanuny rugsat almak esasynda ýaşaýan türkmen raýatlary bu ýurtda raýatlary ýaşaýan daşary ýurt döwletleriniň ýokarky onlugynda üçünji orny eýeleýär diýip, Türkmen Helsinki gaznasy Türkiýäniň IIM-niň çap eden maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Eger-de 2005-nji ýylda Türkiýäniň çäginde daşary ýurtlaryň resmi rugsat alan 178 964 raýaty ýaşan bolsa, bu görkeziji şu ýylyň 23-nji martyna çenli 1 335637 bolupdyr.

Türkmenistanyň raýatlary üç görkeziji boýunça - Türkiýede ýaşamak üçin ygtyýarnama alanlar - 113,449 adam (lider Russiýa); ýaşamak üçin gysga möhletli rugsady bolanlar - 86,188 (lider Russiýa); student wizalary bilen ýaşaýanlar - 12,613 (lider Azerbaýjan) iň ýokary 10 ýurduň arasynda üçünji orunda durýar.

Türkiýedäki türkmen maşgalalary sany boýunça altynjy ýerde durýar, olar 5,419. Bu meselede Azerbaýjan öňdeligi çekýär.

Umuman alnanda, türk häkimiýetleri türkmenistanlylara bu ýurtda ol ýa-da beýleki görnüşde ýaşamak üçin 217 669 rugsatnama beripdir.

Hünärmenleriň pikiriçe, Türkiýede türkmen raýatlarynyň sany hakykatda has köp. Şol bir wagtda, bu ýurtda kanun esasynda ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň sany azalar.

Biraz öň berlen habara görä, Türkiýäniň etrap migrasiýa bölümleri möhleti geçen pasporty bolan adamlaryň ýaşamak ygtyýarnamasynyň möhletini uzaltmak baradaky arzalaryny kabul etmekden ýüz öwürýär.

Bu Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmen immigrantlarynyň sanynyň köpeljekdigini aňladýar diýip, hukuk goraýjy topar ýazýar.

Şeýle-de, Türkiýede saklanan bikanun türkmen migrantlarynyň sanynyň 1 416 bolandygy aýdylýar.

Türkmen hökümeti daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan raýatlary, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şol sanda ýurt daşynda jenaýata baş goşan, türmä basylan, keselläp ýa pajygaly ýagdaýda ölen raýatlary hakynda maglumat bermeýär.