Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde, “şu günler agyz bekleýän adamlar we metjitlerde tarawa namazyna gatnaýan adamlaryň sany geçen ýyllar bilen deňeşdirilende köpelýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylary we çeşmeleri maglumat berýärler. Bu aralykda ilat arasynda agyz beklemek däpleriniň meşhurlyk gazanýan mahaly, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk harytlarynyň bahalary gymmat bolmagynda galýar.
Ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi agyz bekleýän adamlaryň köpelmegini garyplykdan ejir çekýän hojalyklaryň iýmit önümlerinden tygşytly peýdalanmak tagallalary, şol bir wagtda, agzaçar sadakalaryna gatnaşmak islegleri bilen düşündirýärler.
“Ýönekeý adamlar häzir öz hojalyklarynda iýmäge azyklary gaýgy bolansoň, agzaçar berip bilmeýärler. Garyplykdan ejir çekýän adamlar, iýjegini we geýjegini zordan tapýan adamlar az däl” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat Toýa gap alyp, ähli çagasy bilen gelýän köpeldi, dükançylar söwdadan zyýan çekýärAzatlygyň habarçylary soňky ýyllarda sebitde, hususan-da, Oraza aýynda metjitlere gatnaýan adamlaryň sanynyň köpelýändigini, adamlaryň arasynda agyz beklemek meýilleriniň ýokarlanýandygyny we “agzaçar sadakalarynyň adamly bolýandygy” habar berýärler.
“Oraza aýynda agyz bekleýän adamlar köpeldi, metjitlerde tarawa namazyna barýan adamlaryň sany artdy, käbir etraplarda adamlar metjitlere sygmaýar” diýip, maryly ýaşaýjylar Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Käbir ýerli mollalar bu ýagdaýy “ýurtda prezident çalşandan soňra, dindarlara azar berilmeginiň aradan aýrylmagy bilen ilteşdirmäge” synanyşýarlar.
Maglumat üçin aýdylsa, türkmen häkimiýetleri wagtal-wagtal döwlet syýasatyny wagyz etmekde ýerli mollalaryň we din wekilleriniň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Bu aralykda, döwlet bilen ilteşigi bolmadyk mollalara basyş edilýär.
Sebitde dindarlaryň sanynyň köpelmegini, ýurtda din-wyždan azatlygynyň töweregindäki çäklendirmeleriň gowşamagy bilen düşündirmäge çalyşýan mollalaryň döwlet bilen ilteşigini anyklap bolmady. Ýöne din wekilleri ozalky ýyllarda Türkmenistanda din ybadatlaryny amal edýän adamlaryň, şol sanda namaz okaýan raýatlaryň howpsuzlyk gulluklarynyň yzygiderli yzarlamalaryna sezewar galandyklaryny tassyklaýarlar.
“Indi, Hudaýa şükür! Ýaşlar metjide gelip başlady!” diýip, bir ýerli molla Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim söhbetdeşlikde aýtdy.
Ýöne, beýleki tarapdan, ýerli synçylar Oraza aýynda ilat arasynda din meýilleriniň artmagyny ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen baglanyşdyrýarlar.
“Şu günler geňeşlikde her gün bir-iki sany gurply hasaplanýan hojalyk agyz bekleýän adamlar üçin agzaçar sadakalaryny berýär... Garyp hojalyklar çagalaryna Oraza aýynda namaza durup, metjide gatnamagy ündeýärler” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar we hojalyklarda çagalara agzaçar sadakalaryna gatnaşmagyň maslahat berilýändigini belleýärler.
Ýerli synçylar ozalky ýyllaryň tejribelerine salgylanyp, Oraza aýynyň tamamlanmagy bilen ilat arasynda dini meýilleriň egsilýändigini aýdýarlar.
Degişli maglumat “Her molla öz bilenini okar”. Häkimiýetler döwlet bilen ilteşigi bolmadyk mollalara basyş edýärŞol bir wagtda, ýerli orazaçylaryň arasynda diňe “nahar üçin” agzaçar sadakalaryna barýandygyny aýdýan adamlar bar.
“Diňe agzaçar sadakalaryna gatnaşyp, dürli görnüşli ir-iýmişlerden garynlaryny doýurmak üçin agyzlaryny bekleýändiklerini aýdyp, Oraza aýynda metjide gatnaýandyklaryny boýun alýan adamlar bar” diýip, Azatlygyň habarçysy maglumat berdi.
Türkmenistanyň hökümeti ýurt raýatlarynyň hukuklaryny, şol sanda olaryň din-wyždan azatlygyny çäklendirmekde tankyt edilýär.
Azatlyk ozalky ýyllarda Türkmenistanda ykdysady kynçylyklardan we garyplykdan ejir çekýän adamlaryň sanynyň ýylsaýyn köpelmegi bilen, diňe “garyn doýurmak üçin” toý-sadakalara görünýän adamlaryň sanynyň artandygyny habar berdi.
Bu aralykda, sebit bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk harytlarynyň ýokary bahasy saklanyp galýar. Azatlygyň habarçysy käbir azyk önümleriniň bir kilesiniň soňky bahalaryny öwrendi:
Pomidor 22 manat
Sogan bazarda 16 manat, dükanlarda 20 manat
Kartoşka 9-12 manat aralygynda
Goýun et 50 manat, sygyr eti 60 manat
Tüwi, hiline görä, 20-40 manat aralygynda bahalanýar
Günebakar ýagy 26-28 manat
Oraza aýynda iň geçginli harytlaryň biri bolan hurma 15-25 manat
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.