Şu günler Aşgabatdan iberilen saglyk wekilleri Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde barlaglary geçirip, okuwçylara koronawirusa garşy sanjymyň edilşine gözegçilik edýärler. Şeýle-de, olar ene-atalar bilen duşuşyklary geçirip, sanjym etdirmedik okuwçylara Umumy orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň berilmejekdigi barada haýbat atýarlar.
"Marynyň mekdeplerinde 12 ýaşdan ýokary okuwçylara koronawirusa garşy sanjym etmek işleri dowam edýär. Şu günler bu işleriň geçirilişine merkezden, ýagny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabatdaky edarasyndan iberilen adamlar gözegçilik edýär. Olar näçe çaga sanjym edilendigini hem barlaýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji martda aýtdy.
Habarçymyzyň we ýagdaýdan habarly çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, saglyk wekilleriniň iberilmegine sebitde köp ene-atanyň öz çagalaryna sanjymyň urulmagyna rugsat bermezligi sebäp bolupdyr.
Degişli maglumat Maryda mekdep okuwçylaryna koronawirusa garşy sanjym edilip başlandy"Saglyk wekilleri we mugallymlar bu ene-atalary aýratynlykda mekdebe çagyryp, olar bilen täzeden düşündiriş işlerini geçirýärler" diýip, habarçy aýtdy.
Bu düşündiriş işleriniň dowamynda saglyk wekilleri esasan ýokary synplarda okaýan çagalaryň ene-atalaryna sanjym etdirmedik okuwçylara Umumy orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň berilmejekdigi barada haýbat atýarlar.
"Olar ene-atalara okuwçylar şu ýyl iýun aýynda mekdeplerde gutardyş synaglaryny tamamlan mahaly, olaryň elinde sanjym kagyzlarynyň bolmalydygyny duýdurýarlar. Şeýle-de, saglyk wekilleri okuwçylarda sanjym edilendigi baradaky resminama bolmasa, onda olaryň ýokary okuw jaýlaryna hem kabul edilmejekdiklerini aýdýarlar" diýip, maryly bir ene anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan başga-da, saglyk wekilleri sanjym edilmedik oglanlara harby gullukda sanjym uruljakdygyny, ol ýerde ene-atalardan rugsat soralmajakdygyny hem sözleriniň üstüne goşýarlar.
"Bu haýbatlardan soň, köp ene-ata çagasyna sanjym edilmegine razylyk berdi. Käbirleri bolsa, 'ýerinde göreris, çagama mensiz iňňe dürtüp görüň, onsoň näme etjegimi bilersiňiz' diýip, jogap berýärler" diýip, maryly ene aýtdy.
Habarçy welaýatda, esasanam şäher ýerlerinde çagalaryna sanjym etdirmek islemeýän ene-atalaryň gaty kändigini aýdýar. Ene-atalar munuň sebäpleriniň sanjymlara we saglyk resmilerine bolan ynamsyzlykdan ugur alýandygyny belleýärler.
"Ene-atalar pandemiýa döwründe sanjym alan adamlaryň yzygiderli ölendigi barada kän eşidendiklerini, şeýle-de sanjymlaryň saklanyş usulynyň nähilidiginiň belli däldigini aýdýarlar. Olar sanjymyň urulmagyna razylyk berip, gol goýulmaly hata-da şübhe bildirýärler. Hatyň mazmunynda beýlekiler bilen bir hatarda, sanjymdan soňra boljak hadysalara, ýagny beden temperaturasynyň ýokarlanmagyna, sanjymyň dürli reaksiýa görkezmegine lukmanlaryň hiç hili jogapkärçilik çekmeýändigi ýazylýar. Ene-atalar bu razylyk hatyny okanyňda, eýýäm bar meseläniň ene-atanyň üstüne atylýandygyny görse bolýar diýýärler. Olar çaga şol waksinadan ölse-de, hiç kim jogapkärçilik çekmeýär diýýärler. Bu ýagdaýlar köp ene-atany aladalandyrýar" diýip, habarçy belledi.
Degişli maglumat Balkanly lukmanlar: Koronawirus bilen keselleýän we bu keselçilikden ölýän çagalar köpelýärYlmy barlaglar Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan tassyklanan sanjymlaryň koronawirusa garşy täsirlidigini subut edýär.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýatyň saglyk we bilim bölümlerinden kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.
Öz çäginde koronawirusyň ýekeje hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tutanýerlilik bilen tekrarlaýan Türkmenistanda mekdep okuwçylaryna koronawirusa garşy sanjym şu aýyň başynda edilip başlandy. Şonda habarçylarymyz okuwçylara Hytaýda öndürilen "Sinowak" (SinoVac) we "Koronawak" (CoronaVac) ýaly sanjymlaryň urulýandygyny aýdypdylar.
Ýurtda 2021-nji ýylyň iýunynda 18 ýaşdan ýokary ähli raýatlar üçin COVID-19 waksinasy hökmany diýlip yglan edildi. Şondan bäri ýurt raýatlary koronawirusa garşy sanjymyň dört dozasyny kabul etdiler.
Ýöne bu sanjymyň 12 ýaşyny dolduran mekdep okuwçylary üçin-de hökmany edilendigi barada häzirlikçe ne ýurt häkimiýetleri, ne-de berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri, ne-de türkmen hökümetine tarapdar neşirler haýsydyr bir maglumat berýärler.
2019-njy ýylyň ahyrynda Hytaýda ýüze çykan COVID-19 ýokanjy 2020-nji ýylyň martynda pandemiýa yglan edildi. Bütindünýä saglyk guramasynyň sanlaryna görä, 21-nji marta çenli dünýäde 760 milliondan gowrak koronawirus hadysasy hasaba alyndy we bu wirusdan 6 million 800 müňden gowrak adam heläk boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.