Türkmensitanda ýazky 'bag ekmek dabarasyna' badalga berildi

'Bak ekmek dabarasyna' gatnaşýan ýaş çatynjalar. Arhiw suraty

Türkmenistanda prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümine badalga berildi.

Türkmen metbugaty bu çäräni "köpçülikleýin bag ekmek dabarasy” diýip atlandyrýar we Arkadag şäheriniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda, şu ýyl dürli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar.

Bu nahallaryň 1,5 million düýbüniň şu gezek, ýazky bag ekmek möwsüminde oturdyljakdygy aýdylýar.

Türkmenistanda ýylda millionlap nahal oturdylýar, emma olaryň näçesiniň düýp tutýandygy belli däl.