Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň web sahypalarynyň, şol sanda efire berýän gepleşikleriniň dünýäniň çar künjeginde, islän adam üçin elýeterli bolmagyna, dünýäniň beýleki ýurtlarynda Aşgabadyň habar almak we habar bermek hukugyna hiç hili emeli päsgelçilik döredilmezligine garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurduň esasy kanunyny bozup, ilatyň maglumat almak hukuklaryny çäklendirmegi, Azatlyk radiosy ýaly garaşsyz, Türkmenistandaky ýagdaýlar barada deňagramly maglumat berýän neşirleriň saýtlaryny petiklemek 'çykalgasyny' dowam etdirýärler. Bu 'çykalga' aslynda dünýä ýurtlaryna onlarça dilde päsgelçiliksiz gepleşik beren we, Azatlyk radiosy işe başlanda, garaşsyz türkmen žurnalizminiň gözbaşynda duran halypalaryň ýatlamalarynda aýdylmagyna görä, 'töhmet' ýaragyna ýapyşan sowetleriň çykalgasydy. Emma taryh olara bu 'çykalganyň' çykalga bolmandygyny, kömek etmändigini görkezdi.
“...Gökdepäniň medeniýet köşgünde, Herrikgalanyň “Mir” kolhozynda, Gyzylarbadyň demirýol işçileriniň klubynda mitingler geçirilip, ...bizi tanaýan we tanamaýan adamlar hem-de hossarlarymyz çykyş etmäge mejbur edildiler” diýip, garaşsyz türkmen žurnalizminiň düýbüni tutujylaryň biri Myrat Täçmyradyň ýatlamasynda Azatlygyň işgärlerine garşy hökümet ýolbaşçylygynda gurnalan ‘halk ýazgaryşlygy’ ýatlanýar.
Halypa žurnalist kommunistleriň daşary ýurtlarda eşitdirilýän propaganda gepleşiklerini taýýarlaýan adamlaryň hiçi birine beýle nälet okalmandygyny, sebäbi garaşsyz habar almagyň we bermegiň dünýäde eýýäm kabul edilen kada bolandygyny belleýär.
Degişli maglumat Konstitusiýa we Baýdak güni: Türkmenistanyň gaýta-gaýta üýtgedilen baş kanuny 30 ýaşadyMaglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 42-nji maddasynda şeýle diýilýär: “Her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär. Hiç kimiň adama öz pikirini erkin beýan etmegini gadagan etmäge, şonuň ýaly-da ony kanuna laýyklykda ýaýratmaga päsgel bermäge hukugy ýokdur. Hiç kim özüniň pikirini we ynam-ygtykadyny beýan etmegine ýa-da olardan ýüz döndermegine mejbur edilip bilinmez. Her bir adamyň döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary kanunda gadagan edilmedik usulda erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga hukugy bardyr.” Sitatanyň soňy.
Emma bu kanun, “Azatlygyň” žurnalistleriniň diňe sowet döwründe däl, garaşsyz Türkmenistanda hem ýanalmagynyň, metbugat arkaly ýazgarylmagynyň, howpsuzlyk işgärleri tarapyndan gorkuzylmagynyň, bikanun tussag edilmeginiň... öňüni alyp bilmedi.
Synçylar bu ýagdaýy Türkmenistanda sowet döwrüniň repressiw, basyş usullarynyň saklanyp galmagy bilen baglanyşdyrýarlar, Aşgabatdaky hökümet halkara guramalarynyň hasabatlarynda adam hukuklary we azatlyklary boýunça öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmezlikde yzygiderli tankyt edilýär.
Eýsem, Türkmenistan näme üçin özüniň ilatyň maglumat almagy we bermegi baradaky kanunlaryny basgylamagy bes etmeýär?
Ýazyjy Hudaýberdi Hallynyň we beýleki ýerli synçylaryň ynanjyna görä, bu mesele Türkmenistanyň 1991-nji ýylda özbaşdak, garaşsyz ýurt bolanyndan soňam, kolonial döwrüň türkmenistanlylary salan “gorky çygryna” täzeden seredip, öz gelejegini dünýä ölçeglerine laýyk gurmak ýoluna düşüp bilmezligi, mundan gorkmagy bilen bagly.
Türkmenistan basylyp alnandan soň Seýitmyrat Öwezbaýew ýaly käbir kolonial awtorlar tarapyndan, soňra kommunistik partiýanyň talaplary esasynda ýazylan işlerde edilen käbir synanyşyklara garamazdan, umumylykda, taryh ylmynda, edebiýat, sungat işlerinde, žurnalizmde ullakan galplyklara ýol berildi, faktlary ýoýmak adaty, belki-de zerur zat boldy, bu ‘çukurdan’ çykmak üçin kän iş edilmeli diýip, synçylar aýdýar.
Degişli maglumat Azatlyk - türkmenleriň 'öz sesi' 70 ýaşadyŞunuň bilen baglylykda, žurnalist bolmazdan, Stalin terrory zerarly daşary ýurtda, mysapyrlykda ýaşaýan ýerlerinden öz ýurtlarynda ‘halkyň we hakykatyň sesi’ bolmaga çalşan adamlar diňe kommunistik partiýanyň buýrugy esasynda, kolonial awtorlar tarapyndan däl, eýsem daşary ýurtlarda ildeşleri, dürli pikirli syýasy guramalaryň wekilleri tarapyndan hem berk ýazgarylypdyr.
Elbetde, garaşsyz türkmen metbugatynyň gözbaşyndan şu güne çenli dowam edýän kynçylyklar barada bir ýa birnäçe radiogepleşigiň çäginde ýeterlik maglumat bermek aňsat iş däl. Her halda, Azatlygyň 70 ýyllyk ýubileýi bize Aman Berdimyrat ýaly žurnalistleriň alyp baran göreşine, olaryň bitiren işiniň manysyna, çäkliräk ýagdaýda hem bolsa, göz aýlamak mümkinçiligini berýär.
Bellemeli ýeri, Aman Berdimyrat, Myrat Täçmyrat ýaly şahslar 70 ýyl mundan öň öz ýurtlarynyň geljekde dargajak Sowet Soýuzyndan soň, SSSR-iň gurulmagy bilen saklanan Rus imperiýasyndan bölünmeginiň, özbaşdak döwlet bolmagynyň aladasyny edipdirler. 1991-nji ýylda özbaşdak bolan öňki sowet respublikalaryň intellektuallaryndan tapawutlylykda, Russiýa Federasiýasynyň düzüminde galan milli azlyklaryň wekilleri häzir, edil 70 ýyl mundan ozal bolşy ýaly, Moskwanyň hökmürowanlygyndan gutulyp, özbaşdak ýurt bolmak üçin daşary ýurtlarda Putin režimine garşy göreşýän rus syýasatçylary bilen hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýarlar.
Degişli maglumat R. Denber: Ogulsaparyň tussaglygy, onuň ölüm şertleri Türkmenistandaky sistemalaýyn problemanyň häsiýetnamasydyrHakykatyň hatyrasyna aýdylsa, Aman Berdimyrat dagy adamlar, bir tarapdan, öz milli respublikalarynyň Russiýadan bölünip, garaşsyz ýurt bolmagy baradaky pikirleri üçin daşary ýurtlardaky rus milletçileri, özleri ýaly syýasy emigrantlar bilen ‘çaknyşan’ bolsalar, ikinji tarapdan, rus guramalary bilen işleşip, radio döretmek, bolşewzime garşy ‘imperialistler’ bilen bilelikde göreşmek hyýallary üçin, Türkistanyň daşary ýurtlardaky wekilleri bilen hem pikir taýdan ‘çaknyşmaly’ bolupdyrlar.
Mysal üçin, rus we rus däl syýasy guramalaryň bolşewizme garşy göreş boýunça geçirilen ilkinji duşuşygy gutaran badyna, heniz radio döredilmänkä, Weli Kaýum-Hanyň baştutanlygyndaky “Milli Türkistan birlik komiteti” we onuň daşary ýurtda çap edilýän “Milli Türkistan” žurnaly “Türkeli” komitetini we onuň ruslar bilen duşuşyga gatnaşan wekillerini ruslara satylmakda aýyplap, ‘haýyn’ hökmünde häsiýetlendirip çykyş edýär.
Sözümiziň anyk bolmagy üçin, Myrat Täçmyradyň ýatlamasynda getirilen sitata ýüzlenýäris: “...öz içimizden çykan satgynlar we bozgunçylar, orslar bilen birleşip, milli hereketimize zarba bermekçi boldular. Türkistan halky orus imperialistleri bilen hiç wagt ylalaşyp bilmez we barabar gitmez” diýip, “Milli Türkistan” žurnalynyň 1952-nji ýylyň ýanwar aýynda çykan sanynda aýdylýar.
“Bizi aýyplamak üçin Hindistandaky, Arap ýurtlaryndaky emigrantlara hem hat ýazdyrdylar, olar “Türkeli” komitetiniň wekillerini “orslaryň malaýlary” diýip atlandyrdylar, ‘satgynlara nälet hem nefret bildirdiler” diýip, Myrat aga ýazypdyr.
Taryhy maglumatlardan belli bolşuna görä, Utgaşdyryjy merkeziň 1953-nji ýylyň güýzünde geçirilen maslahatyna şol wagta çenli olar bilen iş salyşmadyk toparlar, Ukrain Radasynyň, Ermeni Daşnaksýutýun partiýasynyň, Gruzin menşewikleriniň, Demirgazyk Kawkazyň oktýabr rewolýusiýbasyndan soň gurlan hökümetiniň at-abraýly wekilleri hem gatnaşýar we rus däl milli hereketleriň wekilleri merkeziň syýasy pltaformasynda her bir halkyň, daşardan aralaşylmazlykda öz ykballaryny erkin kesgitlemek we köpmilletli döwletiň, ýagny Russiýanyň hataryndan bölünip aýrylmak hem-de öz garaşsyz döwletini gurmak hukugynyň doly ykrar edilmegini talap edipdirler.
Degişli maglumat Türkmenistanda "Azatlygyň" žurnalisti Amanmyrat Bugaýew pajygaly ýagdaýda wepat boldyMaglumat üçin aýdylsa, bolşewikleriň menşewikler bilen göreş döwründe we 1917-nji ýyldan soň, milli azlyklary öz taraplaryna çekmek üçin ulanan milli syýasat ýörelgeleri netijesinde, milli respublikalaryň SSSR-iň hataryndan çykmak hukugy teoriýada kepillendirilen hem bolsa, daşary ýurtlarda hereket edýän rus syýasy guramalarynyň käbir wekilleri muňa düýpden razy däldi.
Has anygy, Türkistanyň bölünmezligini, özbaşdak bäş döwletiň bolmazlygyny talap edýän orta aziýaly syýasatçylar ýaly, rus syýasatçylary hem, bolşewikler häkimiýet başyndan kowlandan soň, Russiýanyň bitewiligini, bölünmezligini, ýagny imperiýanyň çäkleriniň saklanylmagyny isleýärdiler.
Bu ýagdaý, rus syýasy toparlarynyň milli guramalar tarapyndan taýýarlanan ylalaşygy goldamazlyklary, ýagny milli respubliklaryň wekilleriniň deňhukuklylyk talaplaryny ret etmekleri Utgaşdyryjy merkeziň dargamagyna, radionyň dolandyryşynyň bolsa Waşingtona geçmegine getirýär. Netijede, şol wagta çenli “Azatlyk” radiosyny ‘boýkot’ edip gelen belaruslar, ukrainler hem 1954-nji ýylyň aýagynda radionyň işine goşulýarlar. Şeýlelikde, radionyň başdaky “Oswoboždeniýe” – “Azat ediş” ady 1955-nji ýylda “Swoboda” “Azatlyk” ady bilen çalşyrylýar.
Daşarky dünýäden Sowet Soýuzyna gönükdirilen iň güýçli radiostansiýanyň işiniň kem-kemden güýçlenmegi, Myrat Täçmyradyň ýazmagyna görä, Moskwany uly alada goýýar, sowet häkimiýetleri “Azatlygyň” berýän gepleşikleriniň diňleýjilere ýetmegine päsgel berjek bolup, sowet halklarynyň daban azaby, maňlaý deri bilen gazanan millionlarça manat puluny netijesiz bir işe, daşardan gelýän erkin ses bogmaga harçlapdyrlar.
Elbetde, bu “tagalla” Ikinji Jahan urşundan soň baglaşylan ylalaşyga, Adam hukuklary baradaky ählumumy jarnamanyň düzgünlerine ters gelýärdi. Günbatar ýurtlary, Moskwadan tapawutlylykda, öz üstlerine alan borçnamalaryna eýerip, dünýä halklarynyň islän maglumatlaryny almak we bermek hukuklaryny sylaýardylar; sowet radiolary daşary ýurt dilleriniň 78 sanysynda, 150 ýurda gepleşik berýärdi, dünýäniň 100-e golaý dilinde propaganda gepleşiklerini berýän Moskwa, Daşkent, “Komintern” radiostansiýalary tarhandy, olaryň towugyna tok diýýän ýokdy diýip, halypa žurnalist Myrat Täçmyradyň ýatlamasynda bellenýär.
Degişli maglumat Berdimuhamedow ýene gallaçylaryň we žurnalistleriň iş şertlerini ýokarlandyrmagyň 'aladasyny etdi'“Biziň maksadymyz öz diňleýjilerimizi Sowet Soýuzynda eşitdirilmeýän informasiýalar bilen üpjün etmekden, şeýlelikde olara sowet propagandasynyň ýyllar bäri ynandyrjak bolýan ýalançylygyndan gutulmaklyga ýardam etmekden ybaratdyr” diýip, Azatlygyň işe başlan ilkinji gününde aýdypdy.
“Siziň gaýgyňyz – biziňem gaýgymyz, siziň pikiriňiz – biziňem pikirimiz we biziň sesimiziň siziňem sesiňizdigine ynanýarys” diýip, Myrat Täçmyrat Azatlygyň türkmen dilinde efire berlen ilkinji gepleşiginde radionyň şu güne çenli öz güýjünde galan ýörelgesini nygtapdyr.
Emma Aşgabat bu sese garşy durmakda ýa ony resmi taýdan ykrar etmezlikde iň erjellik görkezen paýtagtlaryň biri boldy. Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň 1990-njy ýyllaryň başynda “Azatlygyň” şol wagtky müdiri Muhammet Zerip Nazary ýurda çagyryp, radionyň diňleýjileri üçin interwiýu bermegi, daşary ýurt radiosynyň Aşgabatdaky býurosynyň açylmagyna resmi rugsat berilmegi hakykatda ýagdaýyň üýtgemegine hiç hili täsir etmedi. Şol döwürden tapawutlylykda, şu günki gün ýurt içinde “Azatlygyň” ýekeje-de açyk işleýän habarçysy ýok.
Elbetde, 1917-nji ýyldaky döwlet agdarlyşygyndan soň rus imperiýasynyň halas edilmegi ýa ýene bir 70 ýyl dargaman galmagy üçin gurlan Sowet Soýuzynda ýaşaýan kolonial awtorlar, aýdaly, Myrat Annanepesow ýaly taryhçylar, eger karýera etjek bolsalar, “Türkmenistan Russiýa meýletin birikdi” diýip ýazmalydy, Seýitnyýaz Ataýew ýaly ýazyjylar bolsa, partiýanyň görkezmesi esasynda, Aman Berdimyrat, Myrat Täçmyrat ýaly daşary ýurtlarda galyp, Stalin terrorçylygyna garşy göreşmek ýoluny saýlan adamlary ‘haýyn’, ‘dönük’ diýip atlandyrmalydy. Sebäbi olar rus kolonial syýasatynyň meýletin-mejbury esgerleridi, deň bolmadyk söweşlerde ýitirilen ýurtda, basyp alan gara güýje gulluk etmeli bolan adamlardy.
Emma soň, akademik Myrat Annanepesow özüniň taryhy hakykaty ýoýandygyny boýun aldy, ömri tamam bolmanka öz halkynyň öňündäki alymlyk borjuny haklamaga çalyşdy diýip, onuň “Sowet edebiýaty” žurnalynda çap edilen ylmy makalasyny okanlaryň biri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Emma muňa garamazdan, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly öňki sowet respublikalarynda kolonial taryhy gaýtadan seljermek, bolan zatlara garaşsyz, soň mälim bolan taryhy faktlar esasynda has töwerekleýin baha bermek, milli taryhy dikeltmek pikirleri Türkmenistanda turuwbaşdan, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň Jüneýit han, Eziz han hakynda ozalky sowet hakykatyna laýyk gelmeýän başga hakykaty aýtmaga synanyşan ýazyjylara hem garşy çykmagy netijesinde, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, ‘sallançakda boguldy’.
Degişli maglumat Türkmenistan Demirgazyk Koreýadan 'ozup', metbugat azatlygy reýtinginde yzdan birinji boldyPragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň “Azatlyk” bilen wideo söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Türkmenistan bu hili hereketleri bilen ýagtylygyň öňüni ýapmaga çalyşýar.
Sowet döwründe Türkmenistan ýagtylygyň öňüni ýapmak, “Azatlygyň” sesini ýuwaşatmak üçin, Myrat Täçmyradyň ýazmagyna görä, esassyz aýyplamalary, ‘töhmet ýagdyrmagy’ ulandy.
“Bu hüjümler ilki başda türkmen metbugatynda gaty bir kesgin däldi” diýip, Myrat aga “Azatlyk” radiosyny we onuň işgärlerini aýyplamagyň dura-bara güýçlenip, 1979-njy ýylyň ahyrynda, 1980-nji ýyllaryň başlarynda “öz kulminasion nokadyna baryp ýetendigini" belleýär.
Türkmen metbugatynyň tejribelerinden belli bolşy ýaly, “Sowet Türkmenistany” gazeti 1979-njy ýylyň 29-njy dekabrynda Kürre we Aman Berdimyradowalara garşy gönükdirilen “Dönükler” makalasyny çap etdi; 1981-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda bolsa, bu gazet ýazyjy Seýitnyýaz Ataýewiň Myrat Täçmyrada gönükdirilen makalasyny - “Haýyn” ady bilen çap etdi.
Gazetiň 1984-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda, meşhur “Biz gyrnak” goşgusynyň awtory, şahyr Annasoltan Kekilowa 12 ýyllyk tussaglykdan soň, ruhy hassahanada ýogalandan biraz soň, sowet partiýa lideri Mihail Gorbaçýowyň “täzeden gurmak”, “aç-açanlyk” döwrüniň başlanmagynyň öňüsyrasynda, “Muny unutmak bolmaz” diýen at bilen çap eden makalasynda bolsa, “Azatlygyň” ýene bir žurnalisti, Allamyrat Halmyradow dönüklikde aýyplandy (Maglumat üçin aýdylsa, Allamyrat Halmyrat 1992-nji ýylda gyzy, şol wagt “Azatlykda” işlän žurnalist Näz Dürli bilen Aşgabada baryp, Bäherdende prezident Nyýazowyň gatnaşmagynda guralan çärä gatnaşdy.).
Myrat Täçmyrat şol ýyllar özlerine garşy ýazylan makalalaryň “boýdan-başyna töhmetçilikden we faktlary galplaşdyrmakdan ybarat bolandygyny” ýazypdyr, “okyjylarda, ildeşlerimiz arasynda biz hakda ýigrenç döretmeklik maksat edinilýärdi” diýipdir. “Kagyz çydamly, belli wedomstwalar we olaryň işgärleri... tarhan boldy” diýip, ýaşuly žurnalist ömrüniň soňky ýyllarynda ýazan ýatlamasynda özleri hakynda makala ýazanlaryň “atlaryny ýeke çapyp, agyzlaryna gelen pis we gödek sözleri, nejis terminologiýalary” ulanandyklaryny belläpdir.
Sowet gazetlerinde, partiýanyň tabşyrygy esasynda ýazylýan gargyş makalalaryndan soň, halk köpçüliginden gelendigi aýdylýan ‘seslenmeler’ – ‘haýynlara, dönüklere nälet’ diýilýänler hem yzygiderli çap edilerdi. Bu 1930-njy ýyllardan soň, türkmen milli žurnalistikasynyň ilkinji döräp başlan ýyllaryndaky köp pikirliligiň ýok edilip, 37-38-nji ýyllarda dörän partiýa ‘çäresidi’. Emma bu çäre, Myrat Täçmyradyň hem belleýşi ýaly, “Azatlyk” radiosynyň işiniň haýallamagyna däl, eýsem oňa berilýän maliýe serişdeleriniň köpeldilmegine, goldawynyň artmagyna, diňleýjileriniň ýyl-ýyldan köpelmegine alyp geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.