Rus goşunlary soňky bir günüň dowamynda Bahmutda we onuň töwereginde ukrain pozisiýalaryna edýän söweş tolkunlaryny köpeltdi diýip, ukrain goşuny 16-njy martda, gündogar Donetsk sebitindäki şäher üstünde barýan birnäçe aýlyk söweşiň has güýçlenendigini aýtdy.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň gündelik habarynda aýdylmagyna görä, ukrain güýçleri rus goşunlarynyň Bahmut şäheriniň demirgazygynda we günbatarynda ýerleşýän Orihowo-Wasiliwka we Bohdaniwka töwereklerinde eden "bir topar hüjümini" yzyna serpikdirdi.
Ruslar şäher merkezine tarap dyzamak bilen, Bahmutyň daşyny gabamaga we şäher goragçylarynyň üpjünçilik liniýalaryny kesmäge synanyşýarlar.
"Ýitgi cekmegine garamazdan, Russiýa hüjüm hereketlerini dowam etdirýär" diýip, hasabatda aýdylýar.
Şol bir weagtda, soňky 24 sagatda 75-den gowrak hüjüm edip, Moskwanyň güýçleri Donetskiň beýleki möhüm ýerlerine, Liman, Awdiýwka, Mariýnka we Şahtarsk şäherlerine berýän ünsüni hem has köpeltdi diýip, harbylar aýtdy.
Russiýa gündogar Harkow şäherine hem hüjüm etdi. Ol bu ýerde raýat we energiýa desgalaryny raketa okuna tutdy.
Şu aralykda, Pentagonyň metbugat sekretary, brigada generaly Pat Raýder gelýän aýlaryň gündogar Ukrainadaky söweşleriň netijesi babatynda aýgytly boljakdygyny duýdurdy.
"Meniň pikirimçe, yza çekilmek we gazanylan progrese seretmek möhüm, şol bir wagtyň özünde-de öňde, hususan-da ýaz we tomus aýlaryna girenimizde şindi gaty kyn söweşleriň bardygyny ykrar etmeli" diýip, Raýder Pentagonda geçirilen brifingde aýtdy. Ol Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň harby zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin elinden gelenini etjekdigini hem sözüne goşdy.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin bolsa, Kiýewi ýarag bilen üpjün edýän onlarça ýurduň Ramşteýn diýlip atlandyrylýan toparynyň onlaýn ýygnagynda eden çykyşynda jemi dokuz ýurduň Ukraina 150 sany “Leopard” tankyny ibermek wadasyny berendigini aýtdy.
Ostin, Russiýanyň "mümkinçilikleriň gutaraňkyrlap barmagy" bilen, Ukrainanyň goragynyň "aýgytly pursada" gelip ýetendigini belledi.
"Russiýa Eýrana we Demirgazyk Koreýa garaşly bolup, Ikinji jahan urşy döwrüniň enjamlaryny ulanmaly boldy. Şeýlelikde, Russiýanň mümkinçilikleri we dostlary gutarýar" diýip, Ostin aýtdy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin "henizem Ukrainany ysgyndan düşürip, biziň çekilmegimizi gazanyp biljekdigine umyt baglaýar. Şu sebäpden biz saklanyp bilmeris we muny etmeris" diýip, Ostin sözüniň üstüni ýetirdi.
ABŞ-nyň bilelikdäki serkerdeler ştabynyň başlygy, general Mark Milli Ramşteýn ýygnagyndan soň Russiýanyň Bahmut şäheriniň golaýynda az hem bolsa taktiki ilerleme edýändigini, ýöne munuň Moskwa "gaty gymmat" düşýändigini aýtdy.
Milli Russiýanyň harby ýolbaşçylarynyň goşunlary aýamagyň hötdesinden gelmeýändigini aýtdy we harby enjamlaryň örän çalt azalýandygyny hem sözüne goşdy.
Şu aralykda Russiýanyň 30-dan gowrak sebitiniň ätiýaçlykdaky ýaşaýjylaryna harby komissarlyklardan gelip-gitmekleri hakynda çakylyk hatlarynyň gelýändigi habar berildi.