Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy Kerimgulynyň durmuş toýunyň yz ýany, görnüşinden, Berdimuhamedowlar maşgalasynyň 11-nji martda Awazada geçiren dabarasy sebäpli, Türkmenbaşyda bölekleýin hereket çäklendirildi.
“11-nji mart güni [Türkmenbaşyda] 2 we 18 belgili awtobuslar gatnamady. Döwlet taksileri Awaza gatnamady. Diňe polisiýa we howpsuzlyk edaralaryna degişli döwlet belgili ulaglar Awaza gatnady. Awaza barýan garaýol gatnawy togtadyldy. Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam köçesiniň günorta-günbatar tarapy ýapyldy” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjylar aýdýarlar.
Şenbe güni Türkmenbaşynyň “Kenar” bazary hem-de “Altmyş” atlandyrylýan bazary ýapyldy, şeýle-de, günortana çenli Awazanyň esasy ýolunyň ugry güller bilen bezelipdir.
Awazada ýerleşýän syýahatçylyk desgalarynyň birnäçe işgäri Berdimuhamedowlar maşgalasynyň 11-nji mart güni agşam “Ýelken” dynç alyş toplumynda dabara geçirendigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Derejesi – "prezidentiň agtygy". Merkezi Aziýanyň köşklerindäki üçünji erkekler nesliBiraz öň, garaşsyz türkmen neşirleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy, 21 ýaşly Kerimgulynyň 26-njy fewralda Aşgabadyň Arkadag myhmanhanasynda tutulan durmuş toýy barada habar berdiler.
Azatlygyň çeşmeleri hepdäniň ahyrynda Awazada geçirilen dabara Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň we maşgala agzalarynyň, şeýle-de täze gelniň garyndaşlarynyň, “guda tarapynyň” hem gatnaşandygyny aýdýarlar. Maglumata görä, dabarada Türkmenistanyň tanymal estrada aýdymçylary we halk artistleri çykyş edipdirler. Dabara agşam sagat 11 töwereklerinde asmana atylan feýerwerkler bilen tamamlanypdyr.
“Aýdym-sazyň sesi Türkmenbaşy şäherine-de eşidilýärdi” diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdylar.
Türkmenistanyň döwlet metbugaty 8-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýaşlara gutlag” atly täze aýdym döredendigini habar berdi. Aýdymyň sözlerinden çen tutulsa, görnüşinden, Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklarynyň birini bagt toýy bilen gutlaýar we “çowluk götermegi” arzuw edýär. Aýdymyň sözlerinde “Bu gün bagt toýuň!” diýen ýaly ýüzlenme, “Götersem çowluk” diýen ýaly arzuw, ýa-da “Belent sakla abraýyň/Mähriban oglum” diýen ýaly nesihat äheňli setirler bar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary Awaza syýahatçylyk zolagynyň “Ýelken” dynç alyş toplumynda 11-nji martda geçirilen dabara bilen baglylylykda tutuş Türkmenbaşy şäherinde howpsuzlygyň güýçlendirilendigini habar berýärler.
Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalary barada türkmen jemgyýetçiligine köp maglumat elýeterli däl.
Degişli maglumat Türkmenistanda ‘media diňe prezidenti butlaşdyrmak we dolandyryjy gatlaga gulluk etmek üçin işleýär’Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ozalky ýyllarda agtygy Kerimguly bilen bilelikde wagtal-wagtal jemgyýetçiligiň öňüne çykýardy. Atasy we agtygy, döwlet telewideniýesinde görkezilýän wideo reportažlarda, bilelikde at çapýardy, tigir sürýärdi, ýa-da aýdym aýdyp, saz çalýardylar.
2020-nji ýylyň tomsunda Kerimguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bir aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. Mejlis şonda Kerimgulyny “ýaş kompozitor”, “aýdymçy” we “sazanda” atlandyrdy.
2022-nji ýylyň tomsunda prezident Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen bilelikde Saud Arabystanynda ýerleşýän mukaddes Mekge we Medine şäherlerine zyýarat etdi.
Mundan birnäçe ýyl ozal, Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy Kerimguly bilen Awaza syýahatçylyk zolagyna we sporta bagyşlap, ýerine ýetiren propaganda aýdymy ýatda galypdy.
Kerimguly ilkinji gezek 2012-nji ýylyň fewralynda döwlet telewideniýesinde görkezildi. Gurbanguly Berdimuhamedow şonda takmynan 10 ýaşlaryndaky agtygy bilen bir saýlaw uçastogynda ses berişlige gatnaşypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.